"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Uly möçberde maýa goýdular

«Nvidia» kompaniýasy, «Accel» gaznasy we «Orbis» maýa goýum kärhanasy bilelikde «Nebius Group» kompaniýasyna 700 million amerikan dollary möçberinde maýa goýdular. Ýeri gelende bellesek, «Nebius Group» emeli aň infrastrukturalary bilen işleýän kompaniýadyr.

Grekler altyn teňňelerini satýarlar

Gresiýa bankynyň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda grekler 23712 sany altyn teňňe satypdyrlar. Bu geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim köpdür. Ikinji çärýegiň özünde teňňeleriň satuwy 46 göterim artyp, olaryň sany 13917-ä ýetipdi. Ýeri gelende bellesek, Gresiýa banky altyn teňňeleriniň birini 512,93 ýewro bahadan satyn alýar.

Girdejisi Artdy

ABŞ-nyň «Okta Inc.» IT kompaniýasynyň düşewündi şu ýylyň üçünji çärýeginde 14 göterim ýokarlandy. Kompaniýanyň girdejisi 665 million amerikan dollaryna ýetdi. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa görkezilen möhletde 16 million amerikan dollaryna deň boldy. Maglumat üçin, «Okta Inc.» kompaniýasy 2009-njy ýylda esaslandyryldy

Içerki önümiň ösüşi ýokarlandy

Bu ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdireniňde, üçünji çärýekde Koreýa Respublikasynda jemi içerki önüm 0,1 göterim artdy diýip, Koreýa Banky habar berýär. Ýylyň jemi boýunça bolsa bu görkeziji 1,5 göterim ýokarlandy. Görkezilen wagtyň dowamynda ýurduň eksporty 0,2 göterim pese düşdi, döwletiň importy bolsa, tersine, 1,6 göterim ýokary galdy. Önümçilige goýberilýän maýanyň mukdary 6,5 göterim, gurluşyk senagatyna goýberilýän maýanyň mukdary bolsa 3,6 göterim ösdi.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksadyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, 4 ― 6-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Balkan welaýatynda gury ýük gämileriniň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar

Bilşimiz ýaly, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara laýyk gelýän täze gury ýük gämileriniň ikisiniň gurluşygyna başlady. Häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. «Balkan» gazetinde berilýän habara görä, gämi gurluşygynda 300-den gowrak adamyň işledilmegi göz öňünde tutulyp, olar bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gämi böleklerini işläp taýýarlamak we gurluşygy meýilleşdirmek, gabara gurluşy we kebşirlemek, turba işleri, mehaniki we elektrik işleri, hil gözegçiligi we degişli beýleki işleriň görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary we türgenleşikler geçirildi. Bu möhüm taslamany amala aşyrmaklyga gatnaşýanlaryň 90 göterimden gowragy ýerli hünärmenlerdir. Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan, her biriniň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň uzynlygy 123 metr, ini 16,5 metre deňdir.

Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi

Türkmenistanyň ulag toplumyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin häzirki wagtda 953,2 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlar çekildi. Şonuň 77,5 göterimi eýýäm özleşdirildi. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” (ITTC 2024) atly halkara maslahatda mälim etdi. Bu barada “News Central Asia” neşiri habar berýär. D.Saburow ulag düzümlerini ösdürmäge serişdeleri çekmek üçin Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýa Ösüş banky, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, Hytaýyň Eksport-import banky ýaly halkara maliýe düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Ol şeýle hem durnukly ulag düzümlerini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet maýa goýumlarynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Hökümeti döwlet kepilligi esasynda ulag toplumynyň kärhanalaryna 3,6 milliard ABŞ dollary möçberinde karzlary berdi.

Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy boldy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 947,7 million ABŞ dollary boldy. Statistika gullugynyň habaryna görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,92 göterim ýokarlandy (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 939,1 million dollar). Türkmenistan hasabat döwründe Özbegistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ilkinji üçlige girdi.

Türkiýäniň eksport harytlary

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. 4 — 6-njy dekabr aralygynda geçirilýän köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy görkezilýär. Halkara forum doganlyk ýurduň öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň köpdürlüligini açmak bilen bu ugurda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Gözden geçirilişe Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýän abraýly kompaniýalardyr hususy kärhanalaryň 70-den gowragy gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, türk işewürligi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşydyr. Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar hem munuň aýdyň beýanydyr.

Standartlaşdyrmak — ýokary hiliň kepili

«Standart hyzmat» hususy kärhanasy Türkmenistanyň iri, orta we kiçi kärhanalaryna hem-de telekeçilik işleri bilen meşgullanýan raýatlaryna halkara standartlaryna laýyk dolandyryş ulgamlarynda işlemekde ýardam berýär. Ykdysady, tehnologik we durmuş aýratynlyklary bolan halkara ISO sertifikatlary kärhanalara dolandyryş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olary täze derejä çykarmaga, döwlet tenderlerine gatnaşmaga, berýän hyzmatlaryny ýa-da öndürýän önümini içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt hökmünde hödürlemäge mümkinçilikleri açýar. Halkara standartlaryna laýyklykda bu sarp edijilerde önümleriň ygtybarly, täsirli we ekologiýa taýdan arassa taýýarlanandygyna ynamyny artdyrýar. Halkara ISO sertifikatlarynyň arasynda islendik pudakda, onuň ululygyna we alyp barýan işiniň görnüşine garamazdan girizilýän ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň halkara standarty, saglygy goraýşyň we zähmeti goramagyň dolandyryş ulgamy üçin girizilýän

Baýramçylyga zähmet üstünlikleri bilen

Ülkämizde azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşandyny goşýan döwrebap kärhanalaryň biri Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasydyr. Önümçiligiň sazlaşykly ýola goýulmagynda gallaçy kärendeçilerimiziň yhlasly zähmetiniň netijesinde kemala getirilen guşgursak ak bugdaý çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ýerde birinji we ýokary hilli unlar, bugdaý ýarmasy hem-de kepegi öndürilýär. Şu günler önümçiligiň ösüş depgini has-da ýokarlandyrylyp, kärhananyň agzybir zähmetkeşleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzda uludan belleniljek şanly senäni — hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy baş maksat edinýärler.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenendir. Konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa geçirmek niýetlenen.Ýagny birinji tapgyryň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaralary kesgitlemek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topary döretmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak, ikinji tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, üçünji tapgyrda bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler öňe sürülýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Energetikanyň ösüşli ýollary Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen energetikasynyň ösüş-özgerişli menzilleri ýeňişlere beslenýär. Milli ykdysadyýetimizde iňňän möhüm orny eýeleýän elektroenergetika pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler gowy netijesini hem berýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy kämil tehnologiýaly döwrebap elektrik stansiýalarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Täze tehnologiýaly elektrik stansiýalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Bu bolsa arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasyna barha ösýän islegi doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berdi. Garaşsyz döwletimiziň bu energiýa çeşmesini daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini ýokarlandyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Ajaýyp zamananyň ösüşli menzilleri Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti ösüşiň täze belentliklerine göterilýär, senagat taýdan ösen, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde Ýer ýüzündäki abraýy barha artýar. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugry bolan nebitgaz pudagy hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, topluma sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatdaky wezipeler üstünlikli berjaý edilýär.

Gury ýük gämileri gurulýar

Ajaýyp zamananyň ösüşli menzilleri «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara laýyk gelýän täze gury ýük gämileriniň ikisiniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Gämi gurluşygynda 300-den gowrak adamyň işledilmegi göz öňünde tutulyp, olar bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gämi böleklerini işläp taýýarlamak we gurluşygy meýilleşdirmek, gabara gurluşy we kebşirlemek, turba işleri, mehaniki we elektrik işleri, hil gözegçiligi we degişli beýleki işleriň görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary we türgenleşikler geçirildi. Bu möhüm taslamany amala aşyrmaklyga gatnaşýanlaryň 90 göterimden gowragy ýerli hünärmenlerdir. Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan, her biriniň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň uzynlygy 123 metr, ini 16,5 metr bolup, olar geljekde gojaman Hazar deňziniň suw giňişliklerinde ýükleriň dürli görnüşlerini daşarlar.

Ykdysady ösüşiň baş şerti

Ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan giň gerimli üstünlikleri dünýäniň ösen tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri bilen berk baglydyr. Sanly tehnologiýalaryň ähli ulgamlara dowamly ornaşdyrylmagy, olaryň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünliklere ýetmegiň gözbaşy bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyryp, degişli durmuş-ykdysady düzümleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny, öňdebaryjy usullaryň, sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny baş maksat edinýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli dowam etdirilmegi guwançlydyr. Munuň özi ähli pudaklarda sanly ulgamyň işjeň ornuny artdyrmaga, ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramakda bildirilýän halkara kadalara berk eýermäge oňyn itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň tehnologiýalar binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgama, innowasion işläp taýýarlamalara geçmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagy ýurdumyzda gurulýan häzirki zaman

Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $947,7 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 947,7 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 848.5 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 99,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Logistika we eltip bermegiň çylşyrymly ugurlary

Häzirki zaman dünýäde kärhanalar harytlary yklymlar boýunça müşderilere ýetirmek üçin netijeli logistika we proseslere bil baglaýarlar. Bu makala iş zerurlyklaryňyza habarly karar bermäge kömek etmek üçin logistika we eltip bermegiň esasy taraplary barada maglumat bermäge gönükdirilendir. Harytlaryňyzyň syýahaty: dogry ulag görnüşini saýlamak

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň binasynda türkmen firmasy bilen Hytaýyň “China-Turkmenistan Cultural Center” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Bu ylalaşyk Sarahs-Mary-Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Bu barada Habarlar portaly habar berýär. Bu resminama awtomobil ýolunyň gurluşygyna tehniki we maliýe taýdan goldaw bermek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen gol çekildi. Ähtnama ýokary tizlikli awtobanlaryň gurluşygynda zerur bolan ýokary tehnologiýa ulgamlary babatda ylmy-tehniki hem-de maliýe hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Alaşankou gury ýer porty ýük geçirmekde rekord netije gazandy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarysynda ýerleşýän Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Alaşankou iri gury ýer portunda 23 noýabrda şu ýylyň dowamynda geçirilen ýük dolanyşygynyň bir million tonna ýetendigi resmi bellige alyndy. Bu barada inbusiness.kz saýty Hytaýyň Merkezi telewideniýesine (CCTV+) salgylanmak bilen, habar berýär. Alaşankou port birinji gezek bir million tonnadan ýokary ýükleri işläp geçmegiň ýyllyk dolanyşygyny gazandy.