"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Eýran: giň mümkinçilikler, täze tejribeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Şunda goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär. Düýn ― 16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň açylmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň we Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

16–18-nji dekabr aralygynda Aşgabatda «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berýär. Çeşmede bellenilişine gör, sergide oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň täze döredilen tohumlary, dökünler, himiki serişdeler hem-de azyk önümlerini gaplamagyň tehnologiýalary tanyşdyrylar.

Şu gün «Iran Agrofood» atly 16-njy halkara ýöriteleşdirilen sergi öz işine başlady

Şu gün, 16-njy dekabrda Türkmenistanyň oba hojalygynda ýylyň iň uly möçberli halkara çäresine öwrüljek — «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty öz işine başlady. «Iran Agrofood» — bu oba hojalyk we azyk senagatyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergi. Ol oba hojalyk toplumynyň gazananlaryny, gaýtadan işleýji we gaplaýjy tehnologiýalary, enjamlary hem-de himiki serişdeleri tanyşdyrýar. Sergi işewürlik gatnaşyklary berkitmek we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.

Sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň Gümrük institutynyň mugallymlary bilen göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk 2022-nji ýyldaky işgärleri taýýarlamak çygrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň çäginde guraldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki maksatlary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda taraplar, hususan-da, okatmagyň täze tehnologiýalaryny we usullaryny ornaşdyrmak hem-de hünär kämilleşdiriş okuwlary boýunça sapaklary guramak barada meselelere seretdiler. Duşuşygyň dowamynda harytlary kodlaşdyrmak boýunça sazlaşdyrylan ulgam boýunça 10 sanly kody ulanmakda Özbegistanyň tejribesini öwrenmek meselesine seretdiler we bu ugurda degişli okuwlary guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmenistan bilen Ermenistany deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar hem-de soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, diplomat döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde

Ýakynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Daşky gurşawy goramak, Bilim, Daşary işler ministrlikleriniň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, şeýle hem degişli hünärmenler gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Daşary aragatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (EEAS) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewin ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşiginiň düzüm birlikleriniň, şol sanda söwda, halkara hyzmatdaşlyk, ulag, energetika, bilim, medeniýet, ylmy gözlegler we innowasiýalar boýunça Baş direktoratlarynyň wekilleri, şeýle hem söwda, durnukly ösüş, ulag arabaglanyşygy we ynsanperwer meseleler boýunça hünärmenler wekilçilik etdiler.

Durnukly parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylyk

Durnukly parahatçylyk we halkara howpsuzlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan terrorçylygyň ählumumy derejedäki wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etmegi möhüm ähmiýete eýedir. Iri halkara guramanyň wekili özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda barha üstünlikli ilerledilýän Bitaraplyk konsepsiýasy hem-de ýörelgeleri Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasy hökmünde özüni görkezdi.

Netijeli hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilip, sebit boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde anyk işler alnyp barylýar. 11-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Myhman Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz özara gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, ony Finlýandiýanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýörite wekili hökmünde bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi. Nygtalyşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň ikisi bilen resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk, özygtyýarlylyk ýörelgelerine eýerip, halkara syýasatda wajyp orny eýeleýär. Halkara hukuk tertibini berkitmäge çalyşmak bilen, biz BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris hem-de ählumumy dolandyryşyň köppolýarly ulgamyny ösdürmek we bu guramanyň maksatlaryny, Tertipnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda çykyş edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Er-Ri­ýad sam­mi­ti: köp­ta­rap­la­ýyn dia­lo­ga yg­rar­ly­lyk

Şu ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Er-Ri­ýad şä­he­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň (COP16) çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan aras­sa agyz su­wu­na el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­mek ba­bat­da ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­ga, suw me­se­le­le­ri­niň oňyn çöz­güt­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gö­nük­di­ril­di. Oňa gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow dost­luk­ly ýurt­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ra eýe­rip, sa­pa­ry­nyň il­kin­ji pur­sat­la­ry­ny Mek­ge şä­he­ri­ne ba­ryp, mu­kad­des Kä­bä zy­ýa­rat et­mek­den baş­la­dy. Mu­nuň özi asyl­ly iş­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ýö­rel­ge edi­nen hal­ky­my­zyň däp­le­ri­niň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Mek­ge şä­he­rin­den sam­mi­tiň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Bag­ty­ýar we pa­ra­hat gel­jek üçin

«Suw — ke­ra­mat» diý­ýär türk­men. Oňa mu­kad­des­lik hök­mün­de se­red­ýär. Su­wuň ke­ra­mat, mu­kad­des­lik ke­mi ýok. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry bol­sa bu go­şa be­lent­li­giň öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy­na öw­rül­di. Ag­ram­ly bö­le­gi­ni üm­mül­mez säh­ra­lyk­lar eýe­le­ýän sa­ud top­ra­gy Ys­lam di­ni­niň mer­ke­zi hök­mün­de zy­ýa­rat edil­ýän me­kan­la­ra baý. Bu ýer­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti bol­sa mu­kad­des suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak, onuň Ýer ýü­zü­niň ila­ty­na deň de­re­je­li paý­lan­ma­gy­ny ga­zan­mak bi­len bag­ly bol­dy. Sa­pa­ryň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mu­kad­des Kä­bä zy­ýa­rat et­me­gin­den baş­la­nan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Mu­kad­des­lik­le­riň me­ka­ny­na her ge­zek gel­nen­de, ýö­ri­te­läp zy­ýa­rat et­mek hal­ky­my­zyň zan­dyn­da bar. Türk­men hal­ky Kä­be ýa­ly dün­ýä bel­li mu­kad­des­lik­ler­den däl, eý­sem, oba-ga­ra­da ga­bat gel­ýän zy­ýa­rat­ha­na­lar­dan sow­lup geç­me­gi hem una­ma­ýar. Mu­kad­des Kä­bä edi­len zy­ýa­rat bol­sa döw­let­li tu­tum­la­ra ro­waç­lyk çaý­ýan aý­ra­tyn­lyk­dyr.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi. Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Hanym Natalýa German mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göteren, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşan parahatçylyk söýüji syýasatyň başyny başlan we ösdüren türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda barha üstünlikli ilerledilýän Bitaraplyk konsepsiýasy hem-de ýörelgeleri Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasy hökmünde özüni görkezdi.

Bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi maslahatlaşdylar

Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Oňa hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary ÝUNESKO we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Uzak ýyllaryň dowamynda bu abraýly halkara guramanyň agentlikleri hem-de düzümleýin edaralary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek we utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermegi esasynda şu ýylyň martynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeş däp bolan dialogy giňeltmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Türkmenistan — BMG: strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi

6-njyy dekabrda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we degişli resminamalaryň taslamalary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly BMG-niň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy; bilim, saglygy goraýyş, «ýaşyl» energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalary bar. Şeýle hem BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, bu guramanyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» tassyklanyldy.

Türkmenistan —Türkiýe : gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk

6-njy dekabrda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň «BOTAŞ» kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminamalar toplumy nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýadyny emele getirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Prezident Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.