"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

BOMKA Merkezi Aziýanyň serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin seminar geçirdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda Taşkentde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan guralan serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin niýetlenen seminar-hakatona gatnaşdy. Bu barada Maksatnamanyň saýtynda habar berilýär. Ol Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdunyň metbugat gulluklaryny birleşdiren ilkinji çäresi boldy. Seminar sebit derejesinde metbugat gulluklarynyň arasynda jemgyýetçilik aragatnaşyklary ulgamy boýunça öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin meýdança öwrülip, degişli pudaklaýyn edaralara öz aragatnaşyk strategiýalaryny we çemeleşmelerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Parahatçylyk — durnukly ösüşiň kepili

Dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli dialogyň, dürli formatlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Oňyn hyzmatdaşlygy berkitmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz sebit hem ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Muňa diňe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan oktýabr aýynyň dowamynda bolup geçen wakalaryň mysalynda-da anyk göz ýetirmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, 11-nji oktýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum şanly ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Dana Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksady boldy. Hormatly Prezidentimiz forumda eden çykyşynda dünýä edebiýatynyň ägirdi,

Halkara giňişlikde

Türkmen synçylary — Özbegistandaky saýlawlarda 27-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — ýurduň Oliý Majlisine saýlawlar geçirildi. Oňa synçy hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda iş saparynda boldy. Umuman, 50 döwletden müňden gowrak synçy saýlawlaryň geçişine gözegçilik etmäge çagyryldy. Synçylar Daşkent şäherindäki we sebitlerdäki saýlaw uçastoklarynda bolup, ses bermek işiniň barşyna gözegçiligi amala aşyrdylar.

Agzybirligiň, parahatçylygyň nurana ýoly

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary, XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, sammitiň mejlisinde beýan eden teklipleri Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan hoşniýetli daşary syýasy ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini ýene bir gezek dabaralandyrýan şanly wakalar boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu iş saparynyň many-mazmuny ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlyga, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan, täze gözýetimleri açýan, aýdyň geljegi kepillendirýän başlangyçlara, birek-birege sarpanyň, ynamly garaýşyň binýadynda gurulýan hoşniýetli ýörelgelere, özara bähbitli ykdysady-söwda baglanyşyklara daýanýan syýasatyny ýene bir gezek dabaralandyrdy. Şeýle gatnaşyklar türkmen halkynyň durmuş pelsepesiniň düýp özenini düzýän dostluk, arkalaşyk, goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk däp-dessurlaryna ynamly garaýşyň wagtyň mizanynda pugtalanýandygyny ýene bir gezek tassyklap, ýurdumyzyň döwrüň öňe çykarýan täze şertlerinde, ýagdaýlarynda hut şu gymmatlyklaryndan ugur alýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň şu gezekki iş sapary özboluşly ähmiýete eýedir. Halkara bileleşiginiň deňhukukly agzalary hökmünde el-ele, egin-egne berip, uzak geljege gönükdirilen täze hyzmatdaşlyklary nazarlamak bilen, halklaryň, ýurtlaryň abadançylygyna, rowaçlygyna hyzmat etjek netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksatlary

BMG — Türkmenistan: hyzmatdaşlygyň netijeli ugry

Halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan baky Bitarap Watanymyz dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Halkara derejesinde bähbitleriň utgaşmagyny özünde jemleýän ösüş arkaly parahatçylyk taglymaty halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. 24-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 79 ýyl boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň Kazan şäherine iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagy, ony guramanyň güni bilen gutlamagy uly mertebedir. Bu duşuşyk baky Bitarap Watanymyz bilen iri halkara guramanyň arasyndaky däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm mümkinçilik boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirmegi özara hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň barha düýpli häsiýete eýe bolýandygy bilen dabaralanýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Nesip bolsa, geljek ýyl birnäçe şanly wakalar, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen dabaralanar. BMG bilen ýurdumyzyň özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanýan hyzm

Nebit-gaza baý mekan

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda halkara derejedäki forumlaryň, taryhy ähmiýetli çäreleriň üstünlikli geçirilmegi ulus-ilimiziň buýsançly kalbyny joşa getirýär. Şanly ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahaty we sergisi hem ähmiýetli çäreleriň hatarynda agzalmaga mynasyp. Ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmakda, özara tejribeleri paýlaşmakda ähmiýetli bolan foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan işewür toparlaryň, köp sanly daşary ýurtly kompaniýalaryň gatnaşmagy diýseň guwandyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Beýik akyldara belent sarpa

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän ýylynda türkmen topragynda tutulýan toýlaryň dabarasy dag aşýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolan, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, hökümet agzalarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köp sanly alymlaryň, diplomatlaryň, medeniýet we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda paýtagt şäherimizde ýokary derejede geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy—parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bu hakykaty ýene bir ýola subut etdi. Forumyň çäklerinde daşary döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna döredilen ýubileý medalyna mynasyp bolmagy, döwlet ýolbaşçylarynyň geçiren gepleşikleri, gazanylan ylalaşyklar, medeni çäreler akyldar şahyryň arzuwlan ajap eýýamynda berkarar ýurdumyzyň halklary dost-doganlyga, parahatçylyga, ynsanperwerlige we agzybirlige çagyrýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň beýany bolup şöhlelendi.

Möhüm ugurlara eýerip

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda uniwersitetimiz dünýä döwletleriniň nebit we gaz pudagyna degişli ýokary okuw mekdepleri we iri kompaniýalary, korporasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Eziz Diýarymyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny goramak wezipesi bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Ýurdumyz ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär, gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklar özleşdirilende we ulanylanda daşky gurşawy goramaga hem uly üns berilýär. Ýurdumyz öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýup, energiýa çeşmeleriniň dünýä bazaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrýar.

Parahatçylyk ― belent bagt

Ýer ýüzüniň iň abraýly halkara guramasynyň ― BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenilen ýene bir Kararnamany tassyklamagy ählimiziň göwün guşumyzy asmana göterdi. Hökümetiň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa ― parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza döwletleriň 37-si tarapyndan giň goldaw tapan bu başlangyç ýürekleriň bireýýäm ykrar eden hakykatyny resmi taýdan tassyklady. Şübhesiz, Merkezi Aziýa bu gün diňe bir yklymyň däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň iň asuda sebitleriniň biri. Mälim bolşy ýaly, sebitimiz mundan iki ýyl ozal hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýratyn Kararnamasy esasynda 2022-nji ýylda parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilipdi. Bu hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýän Türkmenistan indi 14 ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini özünde saklaýar.

Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň ulag we logistika forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. «Grand Hyatt Abu-Dabi Pearl» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu foruma Türkmenistanyň baýlyk bazasynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler barada pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşar. Iki günläp dowam etjek forum aýratyn ugurlar boýunça bölümlere bölünip geçiriler. Energetika, himiýa senagaty, ulag we logistika, gurluşyk hem-de önümçilik ýaly möhüm taslamalar gözden geçiriljek forum maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlary öz içine alar.

Aşgabatda türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler. Bu barada ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport meseleleri boýunça wise- premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde maglumat berdi. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Sebit abadançylygynyň bähbidine

BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamasy — türkmen diplomatiýasynyň täze üstünligi Ministrler Kabinetiniň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýene-de bir hoş habar halkymyza ýetirildi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky habardyr. Şu mynasybetli Milli Liderimiziň hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, bu şanly we taryhy waka Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döwletimize uly ynam bildirilýändigini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty, ilki bilen, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Kazan şäherinde türkmen talyplary bilen duşuşyk

24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar. Duşuşyk oňa gatnaşyjylaryň kalbyny ganatlandyryp, deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrýan, halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nyşany boldy. Watanymyzyň daýanjy hasaplanýan ýaşlar bilen duşuşykda bilim ulgamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşi we onuň miweleri söhbetdeşligiň esasy ugurlarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, 2008-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrlikleriniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk baglaşyldy. 2009-njy ýylda bolsa ýurdumyzyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda bilim resminamalaryny özara ykrar etmek hakynda Ylalaşyk gazanylyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berildi.

Hereketleriň wagty

BRICS barada ozal hem eşidýärdik. Hormatly Prezidentimiziň BRICS sammitine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy bilen, ol barada has içgin gyzyklanyp başladyk. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu sammite başlyklyk ediji Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çagyrmagy boýunça ХVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we şol ýerde, garaşylyşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty hakynda, umuman, halkara meseleler hem-de olaryň çözgüdi babatda garaýşyny beýan etdi. Elbetde, döwlet Baştutanymyzyň sammitde eden çykyşy hakynda entek köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düýpli makalalar, seljermeler ýazylar. Biz sammitiň geçişini teleýaýlymda synlanymyzdan soň, özümizde dörän käbir pikirleri okyjylar bilen paýlaşmak isleýäris.

Netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Dünýäniň ykdysady durnuklylygyna we adamzadyň parahat ýaşamagyna, milli ykdysadyýetleriň has-da pugtalanmagynda nebitgaz senagatynyň ösüşi uly ähmiýete eýe bolýar. Nebitgaz senagatynyň giň gerimler bilen ösdürilmegi we halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin döwlet derejesinde birnäçe işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwletimiz tebigy baýlyklary bilen dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny düýpgöter özgertmek maksady bilen pudaga döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunda häzirki zaman maglumat giňişligini döretmek bilen bagly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemelidir.

Parahatçylyk — iň gymmatly baýlyk

Mälim bolşy ýaly, dürli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şeýle-de ýurdumyz halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ýurdumyzyň umumy bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge açykdygynyň subutnamasydyr. 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynda esaslandyrylan BRICS guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Munuň özi dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüne çekijiligini artdyrýar. Şoňa görä-de, daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlaryny, abraýly halkara guramalaryň ençemesiniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitinde hormatly Prezidentimiz sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlardyr alnyp barylýan işler barada çuňňur mazmunly çykyş etdi.

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary: söz ussadyna belent sarpa

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň esasynda, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli hem özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklar barha ösýär. Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ugurda hem özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesi gazanylýar. Iki ýurtda hem festiwallary we Medeniýet günlerini guramagy işjeňleşdirmäge, döredijilik, ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary ýola goýmaga uly üns berilýär. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Belli bolşy ýaly, dana Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmekde we wagyz etmekde Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň aýratyn hyzmaty bardyr. Ol: «Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýmek bilen, söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha berýär. Çingiz Aýtmatowyň dana Pyraga belent sarpasy we ony wagyz etmekdäki ýadawsyz tagallalary bilen 1983-nji ýylda beýik şahyryň şygyrlaryndan düzülen «Türkmen binasy» atly kitap gyrgyz dilinde neşir edildi.

Gazagystanda halkara sergi geçiriler

Elektrotehnika hem-de howpsuzlyk ulgamyna bagyşlanan «Interlight Central Asia» halkara sergisi bu ýyl hem Gazagystanda geçiriler. Sergi noýabr aýynyň 6 — 8 aralygynda guralar. Bu ýyl guramaçylaryň üns merkezinde «Smart Sec & Building» seksiýasy bolar. Seksiýa binalary awtomatlaşdyrmak, howpsuzlyk we dolandyryş ulgamy, wideo gözegçiligi, «akylly» şäher, «akylly» öý, elektrotehnika bölümlerinden ybarat bolar. Ýeri gelende bellesek, öňki sergä gatnaşanlaryň aglaba bölegi «akylly» öý konsepsiýasyna gyzyklanma bildiripdiler.

Türkmenistan — Hytaý: netijeli gatnaşyklary ilerledip

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlagynda: «Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär» diýip belleýär. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan degişli gatnaşyklar hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Beýik Ýüpek ýoly geçmişde Hytaýdan gözbaş alyp, ondan günbatardaky ýurtlaryň köpüsine uzapdyr. Bu ýol adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde we hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde örän uly orun eýeläpdir. Türkmenistan şol ýoluň ýüregi, hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edipdir. Häzirki wagtda bu ýoluň döwrebap görnüşde dikeldilmegi ugrundaky işler Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň utgaşdyrylmagy esasynda alnyp barylýar. Milli Liderimiz bu barada: «Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu strategiýany durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär» diýip belleýär. Şol mümkinçilikleriň amala aşyrylyşyny b

TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ ÜÇIN AÇYKDYR

Bu hakykat nobatdaky nebitgaz forumynyň mysalynda-da aýdyň açyldy Tebigy gazyň kesgitlenen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynda iri eksport ediji döwlet hasaplanýar. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň hem binýatlaýyn pudagy bolup, häzirki wagtda diňe bir uglewodorod serişdelerini gazyp almaga we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga däl, eýsem, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini ösdürmäge-de uly üns berilýär. Ine, hut şu meseleler hem paýtagtymyzda üç günläp dowam eden «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň gün tertibiniň esasy özenini düzdi. Forum bilen ugurdaşlykda guralan sergide bolsa ýerli we daşary ýurt kompaniýalary iň täze gazananlarynydyr mümkinçiliklerini giňden açyp görkezdi. Diýarymyzda indi 29-njy gezek geçirilen bu wekilçilikli çäre döwlet düzümleriniň, öňdebaryjy kompaniýalaryňdyr bilermenleriň dünýäniň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz bazaryndaky ýagdaýlary baradaky synlaryndan, pikir-garaýyşlaryndan, çaklamalarydyr täze tekliplerinden içgin habarly bolmak üçin örän netijeli meýdança öwrüldi. Umumy mejlisi, mowzuklaýyn mejlisleriň 6-syny, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň onlarçasyny öz içine alan forumyň çäginde meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny, horm