"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baky bagtyýarlygyň baýramy

Şu gün — 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Döwlet münberi toplumynyň öňünde baýramçylygyň esasy dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Münbere Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bardylar.

Garaşsyzlyga belent buýsanjyň beýany

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy welaýatymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Esasy dabara Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, oňa welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen, baýramçylyk dabarasyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalyp, ol şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu ýerde edilen  çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanjakdygynyň güwäsine öwrülendigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Şu gün —Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni

Özbaşdaklygyň hem baky bitewüligiň mizemez nusgasy Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy dabaraly bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçen nobatdaky mejlisiniň taryhy çözgütlerinden emele gelen galkynyş  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň dabaralaryna özboluşly mazmun çaýdy. Bu döwlet berkararlygymyzyň şanly toýy mynasybetli guralan dabaralarda hem has aýdyň ýüze çykdy.

Beýik ýurduň baş baýramy

Bu günler agzybir halkymyz mukaddes Garaşsylygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uly ruhubelentlik bilen toýlaýar. 27-nji sentýabr, toý gününiň ýalkymly säheri şäheri bezäp oturan Garaşsyzlyk binasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda gül goýmak dabarasy bilen başlandy.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

Şanly baýramyň dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşlerden ösüşlere barýar. Garaşsyzlygyň saýasynda il-günümiz asuda, parahat, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi. Indi 33 ýyl bäri ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň her bir güni beýik işlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Dabara sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylar, belli folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Şanly günde çykyş etmek artistleriň ussatlygynyň we zehininiň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçiren kabul edişlikleri

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we kakasy — Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, halkymyza abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny hem-de şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Garaşsyzlyk – şanly toýuň mübärek!

Eý, Sen, beýik ertirime ynamym,Gözlerimiň agy hemem garasy!Türkmenistan,gözüm açyp görenim,Dünýä içre Watanlaryň seresi! Garaşsyzlyk – şanly toýuň mübärek,Men Saňa şeýle bir guwanýan welin,Özümem Sen bilen günde ulalýan,Ýogsa adam ýylda ulalýar welin...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!

PEDERLERIŇ PAÝHAS DÜRLERI

Ýagşy niýet — ýarym döwlet. ***

Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

Şu gün — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni. Garaşsyzlygyň geçen 33 ýyly halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyryp, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ornuny berkitmäge gönükdirilen beýik işler bilen şöhratlandy. Şol işleriň ählisi milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegi, ykdysady taýdan ýokary depginde ösmegi geljegimiziň has-da röwşendigini wada berýär. 1991-nji ýylyň güýzünde dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi. Indi 33 ýyl bäri ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň her bir güni beýik işlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Dabara sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylar, belli folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Şanly günde çykyş etmek artistleriň ussatlygynyň we zehininiň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Hal­ka da­ýa­nyp, hal­kyň ha­ty­ra­sy­na

Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, jem­gy­ýe­tiň je­bis­li­gi­niň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Mu­ňa biz onuň ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­rin­de, her ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän mej­lis­le­rin­de il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gin­de aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. 24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hem bu ha­ky­ka­ty no­bat­da­ky ge­zek açyp gör­kez­di. Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösüş hem ro­waç­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di

Ga­raş­syz­lyk — bar­ly­gy­myz, bag­ty­myz

Hä­zir­ki ta­ry­hy pur­sat­lar­da Ga­raş­syz­ly­gy­myz, onuň göz­baş­la­ry hem esas­la­ry ba­ra­da ýat­la­mak ýa­kym­ly. Dog­ru­sy, bu mu­kad­des­lik ba­ra­da he­mi­şe pi­kir et­me­li, oňa he­mi­şe gu­wan­ma­ly we ol ha­kyn­da­ky pä­ki­ze duý­gy-dü­şün­je­le­ri he­mi­şe aňyň­da hem ýü­re­giň­de gö­te­rip gez­me­li. Se­bä­bi bi­ziň öz­baş­dak mil­let, öz­baş­dak döw­let­li halk hök­mün­dä­ki her bir üs­tün­li­gi­mi­ziň, ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň hem ga­zan­ýan ab­raý-mer­te­bä­mi­ziň göz­ba­şyn­da Ga­raş­syz­ly­gy­myz du­ran­dyr. Şon­suz bi­ziň öňe git­me­gi­miz müm­kin bol­maz­dy. Ga­raş­syz­lyk di­ňe bi­ziň öz­baş­dak döw­le­ti­mi­ziň bar­ly­gy­ny däl, oza­ly bi­len, öz­baş­dak halk hök­mün­de bi­ziň özü­mi­ziň bar­ly­gy­my­zy aň­lad­ýan­dyr. Ga­raş­syz­lyk — bar­ly­gy­myz. Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz. * * *

Ga­raş­syz­lyk ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge!

Şu gün — 27-nji sent­ýabr­da ag­zy­bir we je­bis hal­ky­myz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny aý­ra­tyn ru­hu­be­lent­lik, şat­lyk bi­len gar­şy­la­ýar. Şan­ly baý­ram my­na­sy­bet­li Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­lent dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny, öz­ger­di­ji güý­jü­ni ala­mat­lan­dyr­ýan da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Döw­let mün­be­ri top­lu­my­nyň öňün­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly har­by ýö­riş­de bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­nyň, mu­kad­des ser­het­le­ri­niň hem-de Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­nyň go­ra­gyn­da du­ran türk­men es­ger­le­ri­niň ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy, ba­şar­jaň­ly­gy açy­lyp gör­ke­zi­ler. Ga­raş­syz­lyk gü­ni ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly ösü­şin­dä­ki şöh­rat­ly ýo­lu­nyň şu ge­zek­ki tap­gy­ry­nyň je­mi­ni jem­le­ýän we tä­ze me­ýil­na­ma­la­ry düz­ýän sep­git­dir. Wa­tan­daş­la­ry­myz Ga­raş­syz­ly­gyň 33 ýyl­ly­gy­ny baý­ram et­mä­ge my­na­syp taý­ýar­lan­dy­lar. Türk­men döw­le­ti­niň ber­ka­rar­ly­gy­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan üs­tün­lik­ler mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXV mas­la­ha­ty­ny

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!