Hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň beýany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidini nazarlaýar, ýurdumyzyň geljegini üpjün edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň çuňňur many-mazmunyny kalbymyza guýýarys. Bu kitapda beýan edilýän parasatly pikirler ýaşlaryň röwşen geljegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaşlaryň ylym-bilimi, kämil terbiýesi hakynda parasatly pikirler beýan edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, nesil terbiýesindäki milli ruhy-ahlak gymmatlyklar her bir ynsanyň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmegi dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu ajaýyp kitap ýaponiýaly okyjylara halkymyzyň ýaş nesli terbiýelemek babatdaky asylly däpleri bilen tanyşmaga ýardam eder. Ajaýyp kitap türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlary bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Şon