Döwletlilik nyşany
Baýdak — her bir ýurduň halkynyň köňül röwşeni. Her ýurduň baýdagynyň öz taryhy, geçmişi bar. Baýdaklaryň ölçeginde, reňkinde, ýüzündäki şekillerde halklaryň medeniýeti, taryhy ýoly, ýörelgesi, däp-dessurlary, dini ynançlary öz beýanyny tapypdyr. Taryha nazar aýlanymyzda, ata-babalarymyzyň ak, ýaşyl reňkli tuglarynda ýarym Aý, ýyldyz, ok-ýaý, aždarha, bürgüt, ýolbars, böri ýaly şekilleriň orun tutandygyny bilýäris. Şonda ýarym Aý bilen ýyldyzlaryň baýdaklarymyzda hemişe diýen ýaly bolandygy bellärliklidir. Gadymy nyşanlaryň biri bolan ýarym Aý we ýyldyz Türkmenistanyň çäginde bürünç asyryndan bäri belli bolupdyr. Muňa Marguşdan tapylan ýarym Aýda üç kelleli aždarhadyr ýylanyň şekili ýerleşdirilen möhürleriň we Altyndepeden tapylan maňlaýy pöwrize daşyndan ýasalan ýarym Aý şekilli öküziň şekiliniň tapylmagy hem şaýatlyk edýär. Parfiýa döwletiniň şaýy pullarynda-da bu şekil gabat gelýär. Ondan bärki döwürlerde-de biziň topragymyzyň üstünde gurlan döwletleriň pul birliklerinde ýarym Aýdyr ýyldyzlaryň şekili hemişe diýen ýaly bolupdyr. Osman imperiýasynyň döwlet baýdagynda-da ýarym Aýdyr ýyldyz şekilleri orun tutupdyr. Olar ilkibada ýaşyl baýdagyň astynda dünýä ýörişine başlan-da bolsalar, soňra olaryň tugy gyzyl reňke öwrülýär. Zeminiň üç yklymyna hökümdarlyk edýändikleriniň nyşany hökmünde olaryň baýdagynyň ýüzünde üç sany ýarym Aýyň şekili ornaşdyrylýar.