"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Ynsan göwünleriniň röwşen çyragy(şygyr bossany) Akyldar Pyragy,Beýik Pyragy!Haky gözläp gezdiň ýakyn-yragy,Halkyň görer gözi,Sözlär tili sen,Ynsan göwünlerniň röwşen çyragy.

Medeni mirasymyzyň merjeni

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar barha giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy möhüm taryhy wakalaryň biri boldy. Açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy agzybir halkymyzda ruhy galkynyşy döretdi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ykbaly göterilen türkmen halkynyň bir supranyň başynda jemlenip toýlaýan dabarasynyň şatlygy agzybirligiň, asudalygyň, parahatlygyň nyşany hökmünde ýüreklere mähir paýlaýar. Gündogaryň beýik söz ussadynyň belent ruhuny sarpalaýan bu taryhy wakalar dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar

Sergin maýyň 17-sinde türkmen halkynyň taryhy ykbalyna şanly sahypalar ýazyldy. Şol gün merjen paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda sözlän sözünde: «Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýip belledi. Bu jümlelerde Türkmenistan Watanymyzyň ähli raýatynyň, halkymyzyň ogul-gyzlarynyň gursagynda ýaşaýan hakykat jemlenen. Biz bu hakykata akyldar şahyrymyzyň ýadygärligine we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp görenimizde ýene bir gezek göz ýetirdik. Owalbaşda söz bilen bina bolan älem-jahanyň ähli pähim-paýhasy-da ýene sözde jemlenýär. Özi-de hut adamzat taryhynyň iň beýik akyldarlarynyň sözlerinde jemlenýär. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas älemine eltýän çelgiler bolsa Milli Liderimiziň köňül kelamy bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygrynda jemlenipdir. Şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu goşgynyň her bir sözünde, her

Umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy milletimiziň parasat ummanydyr. Ol türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, edebi gymmatlyklarynyň, şol sanda Garaşsyzlyk, berkararlyk pelsepeleriniň kemala gelmegine ägirt goşant goşan danadyr. Beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet islärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Şu döwletli döwranda akyldar şahyryň hormat-sarpasy hem görlüp-eşidilmedik derejede belentliklere göterilýär.

Duýguly dünýä

SEN MENIŇ ŞÄHRIZADAM Sag-aman ördüňmi?Ýatmadyňmy ýa?!Öten agşam men-ä uklap bilmedim.Gündizki gürrüňleň agdaryp her ýan,Hyýalymda ýene seni diňledim.

Şygryýet bossany

MEN ÝAŞAP BAŞLADYM Men ýaşap başladym, Özüm özümiKabul etdim doly. Kä akylym dury, Kä telbe-däli, Ýönekeý, Imisala, Kä ýel kibi, Kä jala.

Göwünlik (Oýlanma)

Ony her säher gädigiň agzynda otyrka görýän. Töwerekden adam gözleýär gözleri. Öňler okuwçylardyr mugallymlar geçýär diýseň, rugsada çykylaly olaram ýok. Kileň işe barýanlar, käýarym bir sygyrlaryny örä kowup gelýän oglanjyklar görünýär diýmeseň, uly köçe bolsa-da, çolalyk. Obanyň aýallary aýtmyşlaýyn, indi öňküler ýaly pyýada gezip ýörene-de duşaňok. Her kim taksä münýär gidýär geläýýär barjak ýerine. Menem her taksä münjek bolanymda aň edýän oňa. Deňinden geçip barşyma: «Wah, bende...» diýýän-de, gynanýan öz ýanymdan. Birwagtlar toýda-beýlekide gollaryny galgadyp, şadyýanlyk bilen tans ederdi. Bagşa goşulyşyp, kellesini iki ýana ýaýkaýa-ýaýkaýa aýdym aýdardy. Ýyndam ýyllar ol günleriň hem depesinden gum sowrup, ötägidipdir. Şol men diýen dogumly kişiden bolsa nazary adam görse begenip duran bir ejizje ýaşuly ýasap oturyberipdir.

Şygryýet çemeni

SUBUT Gözleň bulut deý buglanar,Buz bolar ýüregiň we soň,Ajy geplerden duzlanar,Geň görer adamlar gülseň.Dymar dünýe, damagyňaAgyr halyny sygdyrar.Basyp inçe damaryňa,Peltäňe gülki damdyrar.Bokurdagyň bogular hemIner gözleriňe ünji.Özüň sabyrly duý, şol demÝeňersiň dymyp ökünji.Kyndyr umytly ýaşamak,Günleriň sudury öçer,Aglama, dolsa-da damak,Gözýaşyň gymmaty gaçar.

Ylham joşguny

MAGTYMGULY PYRAGY Şu güne çen aşylan ýol undulmaz asyllar,Uçrasa-da külpete, türkmen ruhy basylmaz.Bir ägirt kalpda ýaşaýar, geçse-de kän asyrlar,Keşbi siňmiş daglara, şygyrlary çuň many,Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummany.

Beýik akyldara belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň adyny arşa göteren nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar. 17-nji maýyň sergin howaly agşamynda gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde, gojaman Köpetdagyň eteginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy 2024-nji ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp, eziz Diýarymyzda hem-de halkara derejesinde geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamyna öwrüldi. Ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuna örän ýokary baha berýär. Çünki, Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy.

Şygryýet bossany

Hasyl bolan arzuw Köňlüň ganatlanyp kyldyň syýahat,Kalplara paýladyň nurly sahawat,Päk ahlagy edindiň baş syýasat,Dünýäň pähim-parasaty, Pyragy!

Şygryýet bossany

«Ömrüm, eý, gara gözüm,Kimge derkardyr sözüm».          Magtymguly Pyragy. Diwan

Şygryýet bossany

Köňül kelamy Magtymguly, indi biziň illerde,Gül açyp, burk urýar dürli baglar, heý!Garagum basyrylyp elwan güllere,Abanyp durandyr beýik daglar, heý!

Şygryýet bossany

Kalplaryň nury Bu jahanda baky öçmez yz goýan,Kalplaň nury Magtymguly Pyragy.Şygryýet älemin ýagty Gün saýan,Kalplaň nury Magtymguly Pyragy.

Şygryýet bossany

Hasyl bolan arzuw Bu gün hasyl boldy umyt-islegi,Pyragyň arzuwlan zamany geldi.Güller açdy ata-baba kökleri,Pyragyň arzuwlan zamany geldi.

Şygryýet bossany

Magtymgulyny okap... Pyragyň ylhamnyň etdim höwesin,Setirler ýazdym.Köräp duran hyjuwyny küýsedim,Lowlaýyp ýandym.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Akyldar şahyr (sonetler çemeni) I

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Hakdan berlen keramat Magtymguly Pyragy,Hakdan berlen keramat.Türkmeniň beýikligne,Kepil geçýän alamat.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Akyldar Pyragy Bütin dünýäň nazarynda,Aýdymynda, gazalynda,Pähim bardyr ýazanynda,Şygryýet bagynyň çyragy,Ussat, akyldar Pyragy.

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Halkyň ruhy daýanjy Müňýyllyklaň dowamynda dünýäň ruhy dowamaty,Galam alan her şahyryň sen köňlüniň ybadaty,Taňrymyzyň bize beren bu bir beýik keramaty,Halkynyň ruhy daýanjy Magtymguly Pyragy.