"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bat­ga­lyk­da bo­lan wa­ka (He­ka­ýa)

Ru­do MO­RIS,slo­wak ýa­zy­jy­sy Iýun aýynyň Güni ýakyp-ýandyryp barýardy. Andreý Gregor pionerleriň ýygnanyşygyndan gaýdyp gelýärdi. Onuň keýpi çagdy. Ol yssydan ýaňa endiräp duran howada ýöremän, edil uçup barýan ýalydy. Onuň keýpden çykýança Gün şöhlesiniň astynda bolup, soňra bolsa arça tokaýlygyna edil guş ýaly uçup barasy gelýärdi. Oglan howlukman, demir ýoluň gum düşeginiň ýakasy bilen barýardy, haçan-da, oba yzda galanda, ol tokaýa tarap öwrüldi. Näbelet adamyň bu jelegaýlarda heläkçilige uçramagam mümkin: göräýmäge, hiç hili howp ýok ýaly — otlaryň üstünde kebelekler ganat kakyp, gaýmalaşyp ýör, ýek-tük ýerde ýalňyz olha ýa-da osina somalyp dur, käbir ýerlerde topbak ösen gyrymsy agaçlar gök salyp otyr; ýöne bular aldawçy batgalyk ýerlerdi. Birnäçe ädimden soň, Andreýiň aýaklarynyň astynda şalpyldy eşidildi, çüýrän, ýassyk şekilli topbak otlaryň aralaryndaky yşgalaňlarda goýy, zeňli, kerepli suw ýalpyldap göründi.

Ýyl­ky­ba­nyň og­ly (He­ka­ýa)

Tolegen KASYMBEKOW, gyrgyz ýazyjysy Kurmanbek ir turmaga endik edinipdi. Ynha, ol bu günem säher şapagy asmanyň ýüzüne täsin reňklerini çaýanda oýandy. Onuň dürli-dürli öwüşginleri çürelip gidýän dag depelerini ýaldyradýardy. Pessaýja sergin şemal Kurmanbekiň ýüzüni ýelpeýärdi. Ol öýüň bosagasynda Günüň dogşuny lezzet bilen synlap, dag çeşmesi deýin dury hem arassa howany demine dartyp, biraz durdy. Säheriň imi-salalygyny jaýyň aňrysyndan eşidilýän sazlaşykly toýnak sesleri bozdy.

Ary­la­ry el­de­ki­leş­di­ri­şi­miz ha­kyn­da

Ýaan RANNAP, eston ýazyjysy Agu Sihw­ka­ hakykaty beýan edýär

Ki­çi­jik Ni­ko­la­ (He­ka­ýa­)

Re­ne GO­SSINI, Žan-Žak SEMPEfran­suz ýa­zy­jy­lary «Kiçijik Nikola şatlanýar» atly kitapdan saýlama hekaýalar

Han­lar pe­na­syn­da söz­ler sol­ta­ny

Hanlar hany Abdyrahym han we ondan goldaw tapan şahsyýetler Türkmen topragynyň taryhy geçmişi öz gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýar. Bu gözbaş taryhda ençeme döwletleriň içinden eriş-argaç bolup, syrygyp suw ýaly akyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu taryhy akymlaryň bir çetinden girip, oňa ylmy nazar aýlasaň, türkmeniň beýik ogullarynyň şahyrana owazlary gulagyňda ýaňlanyp, kalbyňy heýjana getirýär. Türkmeniň şirin owazlarynyň birem hindi topragyndan gelýär. Hindi topragyndan gelýän ýakymly, şahyrana owazlar türkmeniň beýik ogullary Baýram han Türkmeniň we onuň ogly Abdyrahym han Türkmeniň döredijiliginden hem-de olaryň egindeşleriniň galdyran syrly mirasyndan habar berýär. Çünki olaryň golýazmalardyr kitaplaryň ýüzüne ýazylan yzlary gutuda ýatan galamlary öz ugruna goýmaýardy.

Fran­suz ede­bi­ýa­ty­nyň ýyl­dy­zy

Fransuz edebiýatynyň görnükli zenan ýazyjysy Anna Gawalda 1970-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Parižiň günbatarynda ýerleşýän Bulon-Biýankur kommunasynda eneden bolýar. Entek mekdepde okaýarka ol özüniň dile çeperligi, üýtgeşik beýan etme täri arkaly mugallymlaryny we deň-duşlaryny haýrana goýmagy başarýar. 1992-nji ýylda ol «Iň gowy söýgi hatyny» ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Soňra ol 1998-nji ýylda «Aristot» nowellasy bilen «Syýadaky gan» bäsleşiginde hem üstünlik gazanýar. Ýene-de birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan Anna Gawalda okyjylaryň göwnünden turmagy başaran eserlerini metbugatda neşir etdirmek kararyna gelýär.

Nao­nyň baş­dan ge­çi­ren­le­ri (Po­west)

DYŇ Ýoumeý,hytaý ýazyjysy (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Ki­çi­jik bi­ke­ler (Ro­man)

Luiza OLKOTT,amerikan ýazyjysy (Do­wa­my. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda)

Duýguly dünýä

DOGLAN GÜNÜM Doglan güni Mosartyň hem Gulbabaňgörnenmiş bir ýyldyz — guýrukly, ýagty. Men doglamda ýok ekeni gül bagda,güýz ekeni, meger, guýlandyr ýagmyr.Oraz aýyndamyş (adymdan belli),Taňryň gök mizanyn deňlän senesi.Kakamam gidendir ýanynda, belki, ejem bilen bile, geňläp seredenköp bolandyr, asyl bäbekhana hemgidip ýörmez eken aýallar o çak.Mätişge bolanmyş göbegenem meň,ýöne kakamdyr-la azan çykan-a. Diländirler, içmän bada, zyýat ýaş,hökman diländirler bagtyň ulusyn.Bolmagymy, belki, adamzada başbelki, döwrümiziň Magtymgulusybolmagymy, meger, arzuw edenemtapylandyr ýüze sylyp Aý ýaly.«Jomart bo:r» diýenmiş maňa enemem, mydam açyp ýatarmyşym aýamy.

Ylham joşguny

WATAN Sen nireden aldyň beýle ukyby?!Aşyk etdiň ýeke bakyşda, Watan!Doganu-dost eýläp alys-ýakyny,Söýgim yşkyň bilen garyşla, Watan!

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. JOGAPSYZ SOWAL

Ga­ýyp-adam (Hy­ýa­ly ro­man)

Gerbert UELLS,iňlis ýazyjysy Dört ýylda ýazylan dört roman otuz iki ýaşly ýazyja meşhurlyk getirdi.

Aw­raam Lin­koln (Ro­man)

Dmit­riý OLEÝNIKOW,rus ýa­zy­jy­sy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Bag­tyň on sy­ry

Adam JEKSON,iňlis ýazyjysy (So­ňy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen san­la­ryn­da) 

Baý ka­kam, ga­ryp ka­kam

Robert KIÝOSAKI,amerikan ýazyjysy GIRIŞ

Ýa­şa­ýyş ýeň­len ýe­riň­den baş­lan­ýar

Miraç Çagri AKTAŞ,türk ýazyjysy (So­ňy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen san­la­ryn­da). 

Jo­an Rou­lin­giň dö­re­den ja­dy­ly dün­ýä­si

1. Joan Rouling Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde dünýä derejesinde okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan türkmen we daşary ýurtly ýazyjylaryň döredijiligini düýpli öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Edebiýaty okamak we ylmy taýdan derňemek tutuş döwrüň döredijilikli pikirlenişini maksadalaýyk ýüze çykarýan wajyp şertleriň biri hasaplanýar. Bagtyýar zamanamyzda Türkmenistan Watanymyzyň dürli künjeklerinde dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan tanymal ýazyjylaryň döredijiligini okamak, öwrenmek we özleşdirmek üçin welaýat, etrap we şäher kitaphanalary hereket edýär. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kämil we ukyp-başarnykly ýaş nesilleri kemala getirmekde alyp barýan irginsiz aladalary ähli halklaryň taryhynda öçmejek yz goýan dünýä edebiýatynyň ägirt uly döredijilik mirasyny çuňňur we düýpli öwrenmäge çäksiz şertleri döredýär.

Ha­lan eser­le­rim, saý­lan setir­le­rim

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň söz-sungat döredijiligine, edebiýata goýýan sarpasy örän beýik. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň pähim-paýhasy bilen döredilen «Dünýä edebiýaty» žurnaly daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistdir pedagog-psihologlaryň, işewür adamlaryň gündelik durmuşymyza hem-de geljegimize oňyn täsir etjek eserlerini türkmen diline terjime edip, okyjylarymyza ýetirmek bilen meşgullanýar. Žurnalymyzyň sahypalarynda berilýän dürli göwrümli we dürli görnüşli eserler hakda okyjylarymyzyň pikirleri bilen ýakyndan tanşyp durýarys. Olaryň berýän bahalary, ýaňzydýan garaýyşlary, bellikleri, maslahatlary žurnalymyzyň indiki sanlarynyň has täsirli çykmagy üçin ähmiýetli bolup durýar. Sözüň ynsan dünýäsine täsiri örän uly. Käteler birje söz ýa-da bir sözlem, bir hekaýat ýa-da bir gürrüň gursagyňy giňeldip, özüňi duýşuňy rahatlandyrýar, üstesine, işjanly ynsana öwürýär, işleriňe bat berip bilýär. Okan zatlaryň mazmuny ýadyňda galýar, täsiri welin bütin ömrüňe ýetýär.

Aňyňa ýazylan zat...

Affirmasiýalaryň ähmiýeti  Sözüň jadyly güýjüne bolan ynam gadym döwürlerden bäri mälim. Ynsanlar sözüň janly zatdygyny, köp gaýtalanýan sözleriň hasyl bolmak ähtimallygynyň has köpdügini öwran-öwran nygtaýarlar. Dürli durmuş wakalarynyň, rowaýatlaryň üsti bilen düşündirmäge we öwretmäge çalyşýarlar. Özümize gerekli zatlary ýa-da ýagdaýlary sözleriň üsti bilen hasyl etmek düşünjesi häzirki zamanda «affirmasiýa» sözi bilen aňladylýar. Affirmasiýalar gysga söz düzümleri bolup, köp gaýtalamak arkaly gerekli bolan keşbi ýa-da görnüşi adamyň aňynda berkitmekdir. Bu usul biziň halkymyz üçin ir döwürlerden bäri akyl ýetirilen, aýratyn uly üns berlen bir düşünjedir. Çünki Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölüminde: «Çagalykda öwredilen düşünjeler, edep kadalary, özüňi alyp barmagyň düzgünleri olaryň aňyna ýazylýar. Aňyňa ýazylan zat bolsa alnyňa ýazylan zada eltýär. Hut şu ynanç hem ata-babalarymyzyň edep-terbiýe mekdepleriniň esasy gönezligi bolup hyzmat edipdir» diýip belleýär. Diýmek, aňymyza ýazylan zat alnymyza ýazylan zada eltýär. Hut şonuň üçinem hemişe oňyn pikirlerde bolmak, ýagşy garaýyşlary ýaran edinmek, ýakymly sözleri gaýtalamak şahsy üstünliklerimizi gazanmagyň hem-de geljegimizi gurmagyň bir açary bolup hyzmat edýär. Bu diňe ýagşy sözler babatda däl, eýsem, ähli manydaky sözleri öz içine

Ylym ba­ra­da hem­me za­dy hem­me­ler­den köp bil­ýä­rin!

Fatih DIKMEN,türk ýazyjysy 50 sany gyzykly sowal hem-de jogap!