"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Söz manysy

Eýgi Türkmen dilinde ulanylýan käbir sözleriň gelip çykyşy bilen birlikde, olaryň söz ýasalyş aýratynlyklary hem bardyr. Halk arasynda ulanylýan «eýgilik» sözüniň hem gelip çykyşy köpler üçin gyzykly bolsa gerek. Bu söz aslynda «eýgi» sözünden gelip çykyp, «gowy, ýagşy, oňat, owadan, mähriban, mylaýym» diýen ýaly manylary aňladýar. Bu söze «-lik» goşulmasy goşulyp, «eýgilik» görnüşinde kän ulanylýar. Eýgilik sözüniň «eýgi» görnüşinde ulanylyşyna akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Güle meňzär» goşgusynda duşmak bolýar:

Akyldar şahyryň goşgularynda rowaýatlar

Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen halky üçin belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Çünki onuň her bir setirinde dünýä ýaly many, umman ýaly kämil hem-de çuňňur pelsepeler jemlenendir. Şahyryň şygyrlarynda dürli rowaýatlarda atlary geçýän köp sanly adam atlary ýatlanylýar. Meselem: Nemrut Haka ot taşlady,Şetdat bir jennet başlady.Dört ýüz ýyllykda işledi,Ady hem Erem bagydyr.

Tomaşa adam

(Hekaýa) — Şeýle diý-ä, ine tomaşa! Onsoň, horjunsyz gaýdyberipmi, görgüli?

Şahyra ýüzlenme

Gadym Etrek al güllere bürenip,Dabarasy dag aşyp dur Gerkeziň.Parahatlyk perwanasy şahyra Başarsadyk bu zamany görkezip. Eý alymlar, döränokmy şeýle tärAdamlaryň Aýa uçýan döwründe?!Zerur bolsa direltmäge dananyBir bölegin beräýjek men ömrümden.

Tahallusyň ahlaky-estetiki we edebi-çeper hyzmaty

«Tahallus» adalgasynyň sözlük manysy «halas bolmak», edebi manysy «lakam» diýmekligi aňladýar. «Tahallus» sözi bir kökden gelip çykan «mahlas» sözi bilen manydaşdyr. «Türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlüginde» bu söze şeýle kesgitleme berilýär: «Tahallus (a.tahallus)-1) şahyrlaryň bir ýa-da birnäçe sözi özlerine edebi lakam edip almaklary; 2) edebi lakam. Tahallus şahyryň… döredijilik işinde soň saýlap alan adydyr...» Diýmek, «tahallus» sözüniň manysyny tirenimizde, şahyryň şahsyýetine edebi-ahlaky pikirleniş, çeper häsiýet, çeperçilik ussatlyk tarapyndan çemeleşmeli bolýarys. Çünki ýokarky kesgitlemelerde görkezilişi ýaly, tahallus şahyryň adaty durmuş ýörelgelerine däl-de, edebi-ahlaky hem-de çeper ýörelgelere salgylanyp, estetiki hem edebi-çeper hakykatyň wekili hökmünde saýlap alan adydyr.

Ylham öwüşginleri

Arkadag şäheri Köpetdagyň etegini keşdeläp,Ýada salyp pasyllaryň baharyn.Ynha, bu gün synlamaga göz gerek,Gudrat deýin ol Arkadag şäherin.

Şahyryň şygyrlary — edep mekdebi

Türkmen nusgawy edebiýatynyň göwher täji Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ähli adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Çünki akyldar şahyryň döredijiligi köptaraply bolup, olarda durmuşyň ähli ugurlary boýunça söhbet açylýar. Şahyr mähriban halkynyň halal, erkana ýaşamagyny, ýagşa eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durmagyny, bir-birege hormat-sylagly bolmagyny çeper hem düşnükli dilde nesihat edipdir. Ol: Musulman ähline ajy söz urmaň,Pakyra-misgine delalat ýagşy.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

ALKYŞNAMA Täze eýýam içre gözel Watanmyz,

Dünýä asmanynda nursuň, Pyragy!

Her bir halkyň beýikligi, onuň dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen ölçenilýär. Halkymyzyň şeýle beýik ogullarynyň biri-de, türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysy, Gündogaryň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Häzirki wagtda dana şahyryň şygyrlary bir ýurt ýa-da bir yklymyň çäginden çykyp, has alyslarda — dünýä giňişliginde öz mynasyp ornuny tapýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi onuň şahyrana-filosofik mirasynyň bütin adamzadyň medeni hazynasynyň möhüm bölegi hökmünde halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezdi. Şunlukda Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy medeniýetiň ilçisi hökmünde yklymlaryň we döwürleriň çäginden çykýar diýip buýsanç bilen aýdyp bilýäris. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2024-nji ýyly Gahryman Arkadagymyzyň kämil şygryndan gözbaş alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlen şygar bilen atlandyryldy. Hut şol nukdaýnazardan hem, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dowamynda döwlet we halkara derejede möhüm çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar, duşuşyklar, film görkezilişleri, sahna oýunlary, edebi agşamlar we bäsleşikler geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Pähim-

Özümden önjek huruşlyk

(Gülküli hekaýa) Günleriň birinde obaly adamyň maňa işi düşdi. Dört-bäş günläp onuň işi bilen meşgullanmaly bolamsoň, tanyşmaga-da mümkinçilik döredi. Ol çopançylyk edýän eken. Işiniň birkemsiz bitenine örän begendimi, nämemi, garaz, maňa:

Seniň bagtyň — meniň bagtym

Käte mahal-mahal kalbymy birgeňsi duýgular gurşap alýar. Hamala diýersiň, akylym ýüregime garşy gidýän ýaly. Öz-özümi tanaman haýran galýaryn. Seniň pynhan bakyşlaryň göz öňüme gelende bolsa, nämedir bir zatlary düşündirjek bolýana meňzeş pyşyrdylaryň gulagyma eşidilip gidýär. Bu nämäniň alamatyka, allajanlarym?! Şonda, bir sekundyň içinde daş-töwerekdäki ähli zat öz reňkini ýitirýär. Göwnüme bolmasa, suwlar akmasyny, baglaryň ýapraklary yrgyldamasyny, şemal öwüsmesini, Gün dogmasyny, Aý şugla saçmasyny, guşlar saýramasyny goýan ýaly bolýar. Garaz, dünýäniň ýüzi beýan etmesi kyn bolan duýgulardan dolýar. Şol pursat senli ýatlamalar meni alyslara — saňa sary alyp gidýär.

Wepaly dost

Öňi bilen, şu aýdymy diňle sen,Bu aýdymda halkyň namys-ary bar.Onuň aňyrsynda saza gatylyp,Bakýar çyn hem wepaly dost alabaý. Aty çykan bu türkmeniň bedewniň,Kişňeýän sesini aňlap bolýandyr.Dost golun uzadyp gelen doganym,Bu aýdymda gülüp, aglap bolýandyr.

Men entek ýigit-le

Bir gün agşamlyk naharyny edinip bolamsoň, goşa ýassyga ýassanyp, çaý içip otyrkam bäş ýaşly agtygym ýanyma geldi-de: — Ata, ata, garry adamlar şeýdip, seniň ýaly ýassyga ýassanyp çaý içýärlermi? — diýip sorady. Men böwrüme hürseklenen ýaly, çalasynlyk bilen dikelip oturdym.

Şahyrana oýlanma

Uz jemally uýam bar... Çagalyk ýyllarymyň ýyndamlygy uçup barýan durnalaryň tizliginden zyýada eken. Ýap-ýaňydy, elimize gurjaklarymyzy alyp, saçlaryny örüp, galpagymyzy galgadyp, enemiň gujagyna “Kim öňürti barmaşak” diýip, oýnap ýörenimiz. Eýýäm wagt bizi il idegli, bagt badalgaly uly gyz edäýen eken.

Magruplykda bellidir

Dostlar, dört gözeliň waspyn sözlesem, Dördüsi-de magruplykda bellidir.

Danalardan dürdäneler

IŇ KYN ZAT Bir gezek Diogenden:

Syntgylanan setirler

Hemme zat taýly, garşylykly ýaradylypdyr. Gije-gündiz, yssy-sowuk, beýik-pes, ýagşy-ýaman... Durmuş — bu sünnälenip işilen we hemmäniň boýnuna ildirilen alajabagdyr. Her bir “başyndan gum sowurýany” ýa-da “ýer ýumruklaýany” daýhandyr öýdäýmäň.

Tymsal

Kim owadan, kim peýdaly?! Bahar paslynyň iň bir owadan günleriniň biridi. Tokaýda bir gyzyl gül gülläpdi. Gül töweregine göz aýlap durka, golaýdaky sosna agajy:

Geliň, ýaňyltmaç aýdyşalyň!

Halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ýaňyltmaçlaryň çagalaryň sözleýşini ösdürmekde, dilini ýençmekde ähmiýeti uludyr. Aýdylanda iňňän ünslüligi, ýalňyşmazlygy talap edýän ýaňyltmaçlar ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda hemişe ýörgünli bolup, giňden ulanylypdyr. Hatda ýaňyltmaç aýtmak boýunça özara ýaryşlar hem geçirilipdir. Ýaňyltmajy çalt we şol bir wagtyň özünde ýalňyşsyz aýdan ýeňiji hasaplanypdyr. Ýaňyltmajyň gysgaragyny bir demde üç gezek gaýtalamak ýaryşyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Geliň, onda ýaňyltmaç aýdyşalyň! O Tejen, bu Tejen, künjülije Tejen,

Bu biziň öz taryhymyz

Türkmen tugrasy Gadymy döwürlerden başlap, her hökümdaryň adyny we hökümdarlyk derejesini görkezýän tapawutlandyryjy nyşany bolupdyr. Orta asyrlarda bu nyşana tugrak diýlip, ol owadanlanyp ýazylan sözlerden we şekillerden ybarat bolupdyr. XI asyrda ýaşap geçen, görnükli dilçi alym Mahmyt Kaşgarly hem “Türki dilleriň diwany” atly eserinde bu sözi “tugrak” görnüşinde getirip, “Şanyň möhri we onuň goly” diýip düşündiripdir we oguzlaryň sözüdigini, onuň düýp sözüni özüniňem bilmeýändigini belläpdir.