"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Rubagylar

Ata-baba kesbin ýöretmek gerek,Hyjuw, gaýrat bilen döretmek gerek.Arzuw guşun pelpelledip asmanda,Arzyly menzillere ýetmek gerek.*  *  * Ejize rehim et, üstünden gülme,Namartlaň öňünde başyňy egme.Uýýany hakykat, alýany alkyş,Merde ýüz tutmagy kiçilik bilme.*  *  * Zähmetde bişişmek, taplanmak gerek.Garasöýmezlikden saplanmak gerek.Ýan berer sähelçe agram düşende,Göterjek «diwara» ýaplanmak gerek.*  *  * Saralyp-solar ýör gaýgy-ünjüden,Azar görer ýürekdäki sanjydan.Ökünçde, ahmyrda geçer günleri,Ýaşlygynda ata-enäni ynjydan.*  *  * Kişiň agyrsyny özüňde duýgul,Göwnüni götergil, ýagşyňy ýaýgyl.Bu durmuşdyr, şeýle ýagdaýa düşseň,Öz eden işiňe bolarsyň kaýyl.*  *  * Jinnek dek agram ýok ýaşryk-ýalanda,Kyn bor bilnip güler ýüzler solanda.Abraýy artar dogry sözliniň,Ýuwaş-ýuwaş galyberer belende.*  *  * Ýagşydan öwrenseň ýagşy bolarsyň,Tylla Aýyň parlap dogşy bolarsyň,Söýgini harlaman ýaşasaň, dostum,Ýar kalbynyň ajap nagşy bolarsyň.*  *  *

Çakyzalynyň çaklamasy (Hekaýa)

Ir döwürler adamlar ýyldyzlaryň hereketine, Aý-Günüň dogup, ýaşyşyna syn edip, ertir howanyň nähili boljakdygyny bilipdirler. Bu barada eşide-eşide gananam bolsak, obamyzyň gan basyşy ýokary bolan käbir ýaşaýjylarynyň arasynda-da howanyň ýagdaýyny öňünden bilýänleriniň bardygy käte-käteler gulagymyza degerdi. «Pylanynyň-a şu gün çakyzasy tutupdyr» diýildigi, onsoň howanyň üýtgärine garaşybermelidi. Şeýle adamlaryň biri-de, öýümize iň golaý ýerde ýaşaýan uzak ýaşly Akmeňli ejedi. Ol aram-aram «Häk, şu çakyzaly bolmadyk bolsam, kelläm dagy tut ýaly bolup, agyry golaýyma gelmezdi» diýip, başyny ýaýkardy. Şeýle günleriň birinde mekdepde tebigaty öwreniş dersinde sapak geçip otyrkak, mugallym:

Nusgawy edebiýatyň terbiýeçilik ähmiýeti

Mizemez şan-şöhrata eýe bolan mukaddes türkmen topragynda Hoja Ahmet Ýasawy, Mäne baba, Möwlana Jelaleddin Rumy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe beýik danalar, akyldar şahyrlar baý edebi miras galdyrypdyrlar. Olaryň edebi taglymaty, çuňňur pähim-paýhasy ynsan gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Magtymguly Pyragy hem edebiýatda pelsepe ummanynyň läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldar şahyrdyr. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesindäki asylly ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde ösdürilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär . Mälim bolşy ýaly, orta mekdeplerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegi onuň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny görkezýär .

Edebi mirasymyzda milli ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim özgertmeleriniň esasy ugry bolsa milli terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem nesilden-nesle geçip gelýän milli ýörelgeleri ösdürmek hem-de ýaşlara öwretmek baş maksadymyz bolup durýar. Bu terbiýe asyrlaryň dowamynda ýöredilip gelnipdir we onuň esasynda kämil ynsanlar, watansöýüji ýaşlar ýetişipdir. Şonuň üçin milli terbiýäni öwrenmek we nesil terbiýesinde peýdalanmak möhümdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara nusgawy edebiýatymyzy, esasan hem, akyldar şahyryň goşgularyny öwretmek we wagyz etmek maksadalaýykdyr. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde nusgawy edebiýatymyzyň dürdäneleri, halk döredijilik eserleri, Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasy gollanma bolup durýar. Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada ýurdumyzda uly tagalla edilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde giňden şöhlelenýär. Halkymyzyň milli terbiýeçilik ýörelgeleri nakyllarda hem beýanyny tapýar. Nakyllaryň akyldar şahyryň goşgularynda giňden beýan edilýändigini hem bell

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bagyşlaýaryn

11-nji awgust — Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewanyň doglan güni. Guýmagursak zehinli zenan Garaşsyz Diýarymyzdaky özgertmeleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, berkarar ata Watanymyzy ösdürmeklige gönükdirilen döwlet syýasatyna özüniň ýiti, akgynly, baý many-mazmunly, çeper şahyrana sözleri bilen habar beriş serişdelerinde dessin çykyş edýär. Halypa zenanyň her bir şygryny halkymyz uly söýgi we gyzyklanma bilen garşylaýar. Şahyryň goşgulary Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda hem meşhurlykdan peýdalanýar. Nebitgaz toplumynyň döredijilik işgärleriniň arasynda ussat şahyr zenana hormat goýup, ony halypa tutunýanlary az däl. Olar Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bagyşlap şahyrana setirleri döredýärler we redaksiýamyza ýüz tutýarlar. Biz gazetimiziň şu sanynda guýmagursak zenana bagyşlanyp döredilen şygyrlaryň birini okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik. Halypam

«Çeleken şemaly» romanynyň awtory

Dört-bäş ýyllykda geolog Çary Pürliýew hakynda makala ýazanymda, maşgalasy Bike daýza: «Çarynyň geolog hünärini saýlamagyna ýazyjy agasy Bekge Pürliýewiň nebitçileriň durmuşyndan ýazan «Çeleken şemaly» atly romany sebäp boldy. Ol: «Agamyň nebitçileriň arasynda ýaşap, olaryň ýeňil bolmadyk, ýöne juda gyzykly iş pursatlary hakynda aýdan täsirli gürrüňleri geolog hünärine höwes döretdi» diýerdi. Kitap tekjämizde duran şol kitaby gaýta-gaýta okardy. Gaýynagam Bekge Pürliýewiň nebitçileriň iş pursatlary bilen bagly aýdan gürrüňlerini kän ýatlardy» diýip, gürrüň berdi. Öz ýanymdan: «Irde-giçde ýazyjy Bekge Pürliýew hakynda-da makala ýazaryn» diýip ýördüm. Türkmen edebiýatynyň zehinli ýazyjylarynyň biri, prozaçy hem-de dramaturgy, öz döwründe SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, TSSR Ýazyjylar birleşiginiň derňew toparynyň agzasy bolan ýazyjy Bekge Pürliýew bary-ýogy 52 ýaşapdyr. Ol 1919-njy ýylyň 17-nji maýynda Mary etrabynyň Goňur obasynda doglan, 1971-nji ýylyň 22-nji martynda-da tarpa-taýyn aradan çykýar, emma şol gysga ömründe halkymyzyň öňünde uly işler bitirip, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşýar.

Gadymy mirasyň ylmy beýany

Akbibi Gurbannazarowanyň «Türkmenistanda mal tagmalary we maldarçylyk esbaplary» atly ylmy kitaby halkymyzyň maddy medeniýetini ykmy taýdan öwrenmekde uly göwrümli işleriň ilkinjileriniň biridir. Awtoryň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy-gözlegleriniň netijesi bolan bu kitap «Mal tagmalarynyň meselesi ýazuw çeşmelerinde», «Mal tagmalarynyň gelip çykyş taryhy», «Günbatar Türkmenistanda mal tagmalary», «Günbatar Türkmenistanyň maldarçylyk esbaplary» ýaly bölümleri özünde jemleýär. A.Gurbannazarowa  ylmy işinde arheologiýa we etnografiýa maglumatlaryna ýüzlenmek bilen, ozal ylmy taýdan az öwrenilen bu temany täze seljermeler we synlar, garaýyşlar bilen baýlaşdyrýar. Mal tagmalarynyň hem-de maldarçylyk esbaplarynyň döreýiş taryhy, olaryň ýasalyşy hem-de ulanylyşy barada alymlar tarapyndan dürli ýyllarda ýazylan edebiýatlardan, ylmy işlerden peýdalanýar hem-de maldarçylygy kesbi-kärine öwren adamlaryň, mirasgärleriň gürrüňlerini giňden ulanýar.  A.Gurbannazarowa  tagmalaryň oguz elipbiýidigini-de belleýär.

Guwan, şahyrym!

Magtymguly külli älem şahyry,Adyň dilden düşmez owal-ahyry,Bir döwleti isläp çekdiň ahmyry,Arzuwyňa ýetdiň, guwan, şahyrym! Sada hem erkana eziz halkyň bar,Her gününde şamçyrag deý ýalkym bar,Ösýär Diýar, barha-barha galkynýar,Ýokdur ýüreklerde arman şahyrym!

Pyragy ilçi bolupmy?

Bu makalany ýazmak pikirine getiren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle-de «Türkmenistan» gazetiniň 2023-nji ýylyň 8-9-njy noýabryndaky sanlarynda çap edilen, Magtymguly Pyragynyň neslinden bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy Aba Işan, Nazarmämmet Muhammedi bilen taýýarlanan söhbetdeşlikde agzalan bir maglumat boldy. Ynha, şol maglumat: «Magtymguly ― Garry mollanyň üçünji ogly. Abdylla, Muhammetsapa Owganystana giden döwürleri ol ýaş ýigit eken. Şonuň üçin-de, oňa agalarynyň yzyndan gitmäge rugsat berilmändir. Käbir maglumatlaram bar: göýä, Magtymguly Owganystana barypdyr, Ahmet Dürrany bilen duşuşypdyr. Şol ýerde hem «Arşy aglaýa» goşgusyny okap beripdir. Pikir edip görüň, Magtymguly şol döwürde şalaryň öňünde goşgy okaýan bolsa, onda Eýran şasy huzuryna çagyranda hem giderdi! Ol Ahmet şanyň syýasatyny oňlany üçin, ony birek-biregi goldamaga çagyrany üçin, pikirini goşguda beýan edipdir...» Magtymguly Pyragy bilen bagly, ýokarda agzalan waka baradaky rowaýaty maňa öň hem üç ýola ady belli şahsyýetlerimiziň özleriniň gürrüň bermeginde diňlemek nesip edipdi. Ony ilkinji gezek alym halypam Nazar Gullaýewden eşidipdim. Ikinji gezek alym agam Kakajan Durdyýewden diňläpdim. Bir zady belläp geçesimiz gelýär, ol hem atlary agzalan

Meşhur boldy sözi sözler içinde (Biziň aslymyz)

Nusgawy edebiýatymyz — beýik şahsyýetlerimiz tarapyndan döredilen, asyrlar aşyp, nesilleriň görelde mekdebine öwrülen halkymyzyň edebi hazynasy, ebedi mirasydyr. Onda türkmeniň ruhy keşbi, geçmişi, däp-dessurlary, milli ýörelgeleri jemlenendir. Şeýle ajaýyplyga ýugrulan şirin şygyrlary, ynsanlaryň ýüzünde ýylgyryş döredýän şorta sözleri bilen nusgawy edebiýatymyzy baýlaşdyran şahyrlaryň biri-de Mämmetweli Keminedir. Akyl-paýhasa, gözel duýgulara eýlenen halkyň ruhuny galkyndyrýan eserleri döredip, ulus-iliň hakydasynda müdimilik orun alan Mämmetweli Kemine, takmynan, 1770-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda Garadöwletiň maşgalasynda dünýä inýär. «Kemine diýr, adamzatdan ýüz görmen, // Ýagşa «ýagşy» diýr men, ýamana — «ýaman» diýip, dogruçyllygy özüniň durmuş ýörelgesi edinen şahyr, il içindäki gürrüňlere görä, häsiýeti boýunça birsözlüligi, wäşiligi, degişgenligi bilen tapawutlanypdyr. Şahyryň edebi tahallusynyň özi hem, onuň halkyň ruhy hemaýatkäridiginden habar berip, bir bitewülikdäki şahsyýetini ýüze çykarýar.

Sözler içinde

MÄMMETWELI KEMINE (1770 — 1840) Dostlar, bir gözeliň waspyn söýlär men,Meşhur bolsun sözi sözler içinde.Okar men, ýazar men, dessan eýlär men,Bina bolsun ak kagyzlar içinde.

Körpelere okap beriň!

ÝYLGYRYŞLAR Bar öwgüliÝylgyryşlar.Bar söýgüliÝylgyryşlar.

Jöwzaly tomus (Oýlanma)

Tebigat şeýle bir dymýardy welin, hatda bu ümsümligi bozmaga şemalam milt edip bilmedi. Göýä külli barlyk lal-jim bolup, böwrüni diňleýäne çalym edýärdi. Şeýle ýagdaýda älemiň kalby munda mümkin bolmajak zadyň ýokdugyny süňňi bilen syzýardy. Al-asmanda ýalbyrap duran Günüň ýakyp-ýandyryp barýandygyna garamazdan, tebigat misli oduň üstünde duran göweje meňzäp, durky bilen altyna öwrüläýsem diýýär. Mydama ýagyrnysy derläp duran mele toprak özüniň çydamlylygy bilen gaýratlylygyň simwolyna öwrülip: «Menden görelde alsaňyz, üstüňizden döwran sowulmaz» diýýäne çalym edýärdi. «Zähmet», «gaýrat», «taplanmak» ýaly jümleler tomsuň kalbyna hoş ýakýan sözler bolup, özüniň bu ýörelgesini ýylyň-ýylyna dynuwsyz gaýtalamaga ýaltanmaýardy. Şeýdibem, ol tebigaty tijenmäge mejbur etdi. Eger tomus şeýle talapkär bolmasa, älemde özgerişligiň pajarlamajakdygyny külli barlygyň ýürejigi syzyp durdy.

«Magtymguly söz joş eder tilinden...»

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde akyldar şahyryň dil hakyndaky pähim-paýhaslarynyň hem ähmiýeti barha artýar. Şahyryň ady bilen atlandyrylan şanly ýylymyz söz sungatynyň hem ýylydyr. Kişi sözlemeýin syry paş olmaz,Ýagşydan, ýamandan aňlan ýaş olmaz.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyndan

Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. * * *

Gözel tebigat – ylhama ganat

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň miras goýan umumadamzat ähmiýetli ruhy hazynasy wagt geçdigisaýy lagly-göwheriň barha görk açyşy ýaly, täze döwrümiziň medeniýetinde äleme şöhle saçýar. Bu ruhy gymmatlygy hemmetaraplaýyn öwrenip, dünýä ýaýmak häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan möhüm wezipesidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çeper mirasynda tebigat hakyndaky şygyrlar aýratyn orny eýeleýär. Dogduk Diýara bolan belent söýgüden gelip çykýan ruhy lezzet şahyra ylham beriji çeşme bolupdyr. Şeýlelikde, şahyryň döwet galamynyň güýji bilen bu ugurda «Soňudagy», «Gürgeniň», «Hasar dagy», «Baglar, heý» ýaly birnäçe goşgular döräpdir. Alym Ahmet Bekmyradow «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» atly işinde türkmen halkynyň ilkinji gezek öz ýurdunyň keşbini, tebigat gözelligini Magtymgulynyň peýzažynda görendigini nygtap, bu ýagdaýyň şahyryň uly bir döredijilik hyzmatydygyny belleýär.

Goşgular çemeni

Göreldelik hakynda Bilseň, dost, Kerem atly,Bir oglanjyk bar eken.Akylly hem edepli,Her bir işde zor eken.

Gurjagyň gürrüňi

(Hekaýa) Köp kişiniň gurjak bolasy gelýär. Owadanja gyz görseler «gurjak ýaly» diýýärler. Ýöne biriniň elinde oýunjak bolmak ýaly erbet zat ýok. Men muny gurjak bolamsoň bilýän. Käte çagalar islän gününe salýarlar welin, meniň aglaberesim gelýär. Iň bärkisi, maňa näme geýdiresleri gelse geýdirýärler.

Pökgi

(Hekaýa) Amanjyk bu gün mekdepden öýlerine ýetmäge howlugýardy. Munuň hem sebäbi kakasy dükandan futbol oýnalýan pökgi getirmegi söz beripdi. Ol hemişe bile gaýdýan ýoldaşlaryna-da garaşman, haýdaşlap gelşine içinden dürli pikirleri edýärdi: «Kakam pökgi almaga meni hem alyp gidermikä? Şeýle bolsa, ol maňa garaşyp oturandyr. Ýa ol eýýäm pökgini getirip, öýde goýdumyka? Şeýle bolsa, ony jigilerimiň biri daşaryk alyp çykaýsa näme? Ulularyň biri depip, pökgimi ýaraýsa?». Amanyň gözleri tegelendi. Birdenem «Hi-iýh» edip, içini çekdi. «Birden pökgimi daşaryk alyp çykyp, ýitiräýseler näme? Men indi şunça wagtlap arzuw edip garaşan pökgimi görübem bilmerinmi?». Öz ýanyndan dürli pikirleriň içinde basga galyp barýan Aman birdenkä ylgaşlap ugrady.

Çaga kalbynyň owazy

Arkadag Bize täze şäher gurup berdiňiz,Ol «akylly» şäher, ady Arkadag.Biz ýaşlara gujagyňyz gerdiňiz,Aladaňyz üçin sagbol, Arkadag!