Magtymgula eltýän ýollar
Hazynalar bilen baglanyşykly okan kitaplarymda ýa-da tomaşa eden filmlerimde, köplenç, bir sahna göz öňümde janlanýar: eseriň başynda garyp-pukara ýa-da ýoksul-mätäç bolsun, gurby ýetik ýa-da täjir-tüçjar bolsun, ylym-bilime teşne talyp ýa-da alym bolsun, takwa-terkidünýä ýa-da Hudaýhon bolsun, tapawudy ýok, ellerine ýüzünde hazynaly ýeriň salgysy — kartasy ýa-da ýazgysy ýerleşdirilen bir bölek kagyz-mata düşýär. Şeýle pursatlaryň özi eýýäm bagty çüwenligiň buşlugy. Älem-jahan size maksat berip, eliňize şonuň salgysyny tutdurýan bolsa, onuň size ynanýandygy. Pursatlar beýik işleri bitirmek üçin ykbalyň çakylyklarydyr. Onsoň haýal-ýagallyga ýol bermän, desbi-dähel ugruna çykylýar, hazynalara tarap ýola düşülýär. Gola gonan bagt guşuny gorkuzmak — gelşiksiz, ürküzmek — ýerliksiz. Gerek ýerinde edep-edaly, zerur ýerinde suhan-sedaly bolup, biri-birine sepleşip gidýän sebäpleriň yzyna düşübermeli. Üstesine, Zeminiň hem siziň bilen deň gopmagyny isleýän bolsaňyz, gursagy hyjuw-hyruçdan dolduryp, batly ädimler bilen girişmeli. Çünki Zemin aýgytly ädimleriň zarbyndan lezzet alarmyş. Bir zady ymykly ýüregiňize düweniňizden soňra, «Gaýtmyşym etmek ýok» diýägetdin, öňe ymtylaýmak galýar. «Hemmesi bolar», «Biriniňki bolmasa-da, biziňki bolar. Her kimiň aýry nesibesi bar» diýip ýapyşmaly. «Bolar» diýseňiz bolar» diýen köneden bäri ýaýgyn bir sözem bar. Elbetde, ýöremeli ýoluň kynçyly