Kitap — ruhy hazyna
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ýurdumyzda kitap, neşirýat, kitaphana işleri döwrebap ösdürilýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň, talyplaryň arasynda kitaba bolan söýgi, hormat barha artýar. Aslynda, ata-babalarymyz hem pähim-paýhasyň çeşmesi bolan kitaba hormat bilen garapdyrlar. Taryhyň islendik döwründe-de kitaplary döredýän dana adamlar il arasynda uly hormatdan peýdalanypdyrlar. Il-ýurt bähbitli maslahatlarda, toý-tomaşalarda şol parasatly adamlaryň orny mydama törde bolupdyr.