"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bag eken barly bolar

Halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Bagbançylyk işine hem aýratyn üns berlipdir. Asylly ýörelgelerdir döwrebap tejribeler utgaşyp, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi asylly ýörelgä öwrüldi. Ýakynda, has anygy, 9-njy noýabrda geçirilen ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda hem tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak hem-de abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Munuň özi täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, onuň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, halkymyzyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Daş­ky gur­şa­wyň aba­dan­çy­ly­gy

Garaşsyz ata Watanymyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriň maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektar meýdanda tokaý zolaklary emele getirildi. Ýerli agaç nahallary bilen birlikde, dünýä ýurtlarynda gözelligi, ekologiýa edýän oňyn täsiri bilen tapawutlanýan agaç nahallary hem ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ekildi. Nahal ekmek, bag oturtmak, baga ideg etmek ýaly ýörelge türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biridir. Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa, Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy

Ählihalk işine goşant

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly çemeleşmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu hakykaty her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän bag ekişlik we baglara ideg etmek çäreleriniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Ýaňy-ýakynda geçirilen şeýle ähmiýetli çärelere biziň etrabymyzyň ýaşaýjylary-da uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzda bag ekişlik çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi tokaý meýdanlaryny giňeltmekde, howanyň zyýanly galyndylardan arassalanmagyny gazanmakda, ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini dabaralandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu gezekki ählihalk bag ekmek çäreleriniň dowamynda raýatlarymyz saýaly, pürli we miweli baglaryň ýüzlerçe düýbüni ekdiler. Şeýle hem olar öňki ekilen, gün-günden boý alýan agaçlara ideg işlerini geçirdiler. Şeýle sogaply işlere gatnaşmak biziň her birimiz üçin belent borçdur. Goý, gün-günden bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga bürenýän Diýarymyzda baglarymyzyň hatary barha artyp, ömürlere saýa salsyn!

Ekoabadançylygyň berk binýady

Güýzüň şu sahawatly günlerinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler ekologiýa abadançylygynyň berkidilmegine, daş-töweregimiziň gözelleşmegine örän uly täsirini ýetirýär. Ekologiýa abadançylygyny berkitmäge gönükdirilýän işleriň mazmunynda, ozaly bilen, döwletimiziň adam baradaky aladalarynyň durýandygy has-da guwandyrýar. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň birine öwrüldi. Şoňa görä, Türkmenistan diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýän ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda Diýarymyzda amatly ekologik gurşawy döretmek boýunça ýene-de giň gerimli işler amala aşyrylýar. Howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen ýa

Agzybirlikde asylly iş

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şol gün sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem asylly däbe eýerilip, ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylykda geçirildi. Oňa şäheriň degişli ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, sport, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, talyp ýaşlar gatnaşdy.

Şäher infrastrukturasy we ekologiýa strategiýasy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky döwlet syýasaty ekologiýanyň taglymat esaslaryny, onuň esasy kanunlaryny, ýörite kadalary öwrenmek arkaly tehnogeneziň, jemgyýetiň we daşky gurşawyň özara baglanyşygynyň çylşyrymly meselelerini, tebigaty oýlanyşykly peýdalanmagy, daşky gurşawyň aýratynlyklaryny kadalaşdyrmagy, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň usullaryny we beýleki aýratynlyklary öz içine alýar. Bu döwlet ekologiýa strategiýasy şähergurluşyk işine-de giňden ornaşdyrylan. Ekologiýa strategiýasy — bu häzirki zaman düşünjesinde «uzak möhleti öz içine alýan umumy, çylşyrymly meýilnamalaşdyrylan maksada ýetmegiň usullary we ýollary» diýmegi aňladýar. Ol ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň üsti bilen sebitiň ekoulgamyny tehnogen täsirlerden goramak babatda oňaýly çözgütleri ulanmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy. Görnüşi ýaly, «tebigat», «ilat» we «hojalyk» «Ekologiýa strategiýasynyň» esasy üç daýanç düşünjeleri bolup durýar.

Döwrüň derwaýys meselesi

Halkymyzyň abadançylygy ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler bu gün öz netijesini berýär. Bagtyýar ykbally ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy, ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşleriň gazanylmagyna itergi berýär. Has dogrusy, daşky gurşawyň abadançylygy nurana geljegimizi kepillendirýär. Hut şu nukdaýnazardan hem ekologiýa howpsuzlygy, häzirki zaman jemgyýetimiz üçin derwaýys meseleleriň biri bolmak bilen, oňa goşant goşmak her birimiziň borjumyz hökmünde ör-boýuna galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak wezipesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturdyp, ýaşyl zolaklary döretmek, ekologiýa wezipelerini çözmek, atmosferanyň hapalanmagynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegine garşy aýgytly göreş çärelerini ýaýbaňlandyrmak babatdaky tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bag ekmek, mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga, göze ýakymly ýaşyl ýazlara beslemek ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny durnukly gowulandyrmaga uly goşantdyr. Tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak, Diýarymyzy geljekki nesillerimiz üçin abadan, arassa, ýaşamak üçin amatly ýagdaýda miras galdyrmak belent adamkärçiligiň nyşanydyr.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Eziz Diýarymyz hemişe giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam edýän oňyn hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ýurdumyz möhüm ekologiýa howpsuzlygyny öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyz suw serişdelerini goramak we ýerleriň zaýalanmagynyň, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, bioköpdürlüligi saklamak ýaly sebit derejesindäki meseleleri çözmekde hem nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Garagum sährasynyň jümmüşindäki, el bilen döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen ägirt uly ekologiýa taslamasynyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde öri meýdanlarynyň müňlerçe gektary dolanyşyga gaýtarylyp berilýär, zeý suwlary gaýtadan ulanylýar, suw serişdeleriniň gorlary artýar, bioköpdürlülik baýlaşýar. Bu taslama ilatyň saglygy, daşky gurşaw hakynda döwletiň edýän aladasynyň nusgasy bolup durýar.

Gözelligiň gurşawynda

Güller — tebigatyň iň ajaýyp zynatlarynyň biri. Gyş we güýz pasyllarynda tebigat uka gidip, açyk meýdanlardaky al-elwan güller seýrekleşende, öýümizi tebigatyň bir bölegine öwürýän otag gülleri kalbymyza aýratyn rahatlyk getirýär. Otagda ösýän güller, diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem, adamyň ruhunyň tämizlenmegine we rahatlanmagyna hem uly täsir edýär. Köp adamlar ösümliklere ideg etmek arkaly ruhy lezzet alýarlar. Otag gülleriniň taryhy hakynda söz açsak, olaryň haçan we kim tarapyndan ösdürilip başlanandygy barada anyk maglumat ýok. Ýöne, gözellik şeýdalarynyň ilkinji bolup bu işe girişendikleri çaklanylýar. Dürli geografik sebitleriň açylmagy bilen, ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde dürli güller otag şertlerinde ösdürilip başlanypdyr. Aloe, balzamin, begoniýa, geran, limon, kaktus, hytaý bägüli, palma, fikus ýaly güller häzirki wagtda iň naýbaşy otag gülleri hasaplanyp, öýlerimize täsin gözellik paýlaýar. Bu güller, esasan, äpişgäniň öňünde ýerleşdirilip, öýüň howasyny arassalaýar we kislorody baýlaşdyrýar.

Suw gorlary — gymmatly baýlyk

Suwdan rejeli we tygşytly peýdalanmak döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da bu babatda yzygiderli tagalla edilýär. Güneşli Diýarymyzyň suw gorlary Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek we Sumbar derýalarynyň, Köpetdagyň we Köýtendagyň kiçi derýalarynyň, Köpetdagyň demirgazyk-gündogar eňňidindäki uly çeşmeleriň we kärizleriň, wagtlaýyn akarlaryň (sil suwlarynyň), takyrlarda toplanýan ýagyş suwlarynyň, şeýle-de ýerasty süýji suw gorlarynyň hasabyna emele gelýär. Türkmenistan ýerüsti suw gorlaryny, esasan, Amyderýadan alýar. Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň köpýyllyk suw akymlarynyň jemi 2854 million kub metre, Köpetdagyň we Köýtendagyň kiçi derýalarynyň, Köpetdagyň demirgazyk-gündogar eňňidiniň uly çeşmeleriniň we kärizleriň suw akymlarynyň umumy möçberi bolsa 150 million kub metre deňdir. Dag we dagetek sebitlerde çabgaly ýagyşlaryň ýagýan ýaz we güýz pasyllarynda sil akymlary döreýär. Merkezi Köpetdagyň dagetek sebitlerinde iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly sil suwlaryny toplamak üçin göwrümi uly bolmadyk suw howdanlary guruldy. Olara Bagyr we Gozgançaý obalarynyň töweregindäki howdanlar degişlidir. Geljekde şeýle suw howdanlaryny ýurdumyzyň beýleki dag we dagetek sebitlerinde-de gurmak meýilleşdirilýär. Şu çäklerde siliň döremegine getirýän meteorologik hadysalara, esasan, demirgazyk-günbatardan gel

Daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygy

Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy ýörelge edinmek arkaly, adam saglygy babatdaky aladany ileri tutup, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we olary geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1972-nji ýylda kabul eden Kararnamasy esasynda dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň ata Watanymyzda hem uly dabaralara beslenip bellenilmegi döwlet derejesinde ekologiýa abadançylygyna, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagyna we bu ugurda halkara giňişlikde edilýän bilelikdäki tagallalara jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistan howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreşmek, Aral deňzini halas etmek, Hazar deňziniň biodürlüligini we tebigaty goramak boýunça halkara tagallalara hem işjeň gatnaşýar.

Geljek hakdaky alada ählimiz üçin umumydyr

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň özboluşly tebigatymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 9-njy noýabrda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi aýratyn ähmiýetlidir.

Ekologik abadançylygy üpjün etmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Bag ekmek ynsanlyk borçdur

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Ta­ryh­da dün­ýä nus­ga­lyk ýö­rel­ge­le­ri dö­re­den hal­ky­myz bag ek­mek iş­le­ri­ne, ýur­du­my­zyň ba­gy-bos­san­ly­ga bü­ren­me­gi­ne ze­rur üns be­rip­dir. Bu ýö­rel­ge­le­riň hä­zir­ki dö­wür­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len my­na­syp de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr.

Baglaryň sapaly saýasy we şypaly miwesi bar

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak ýaly watançylyk hereketine ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň mähriban ülkämizi bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyjynyň esasynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň çäginde şu möwsümde hem guramaçylykly badalga berildi. Şu gün biz hem ildeşlerimiz bilen birlikde saýaly we pürli agaçlaryň ýüzlerçe düýp nahalyny ekmäge gatnaşdyk. Bu iş şäherimiziň çäginde ýene-de guramaçylykly dowam etdirilýär. Bag ekmek we arassalaýyş-abadanlaşdyryş işlerine biziň bilen birlikde il sylagly ýaşulular we ýaşlar, daşky gurşawy, tebigaty goramak, bilim, bank, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň bag ekmek, tebigy baýlyklarymyza aýawly garamak, olaryň üstüni ýetirip durmak ýaly asylly däpleri täze öwüşginler bilen baýlaşýar. Baglaryň hatary artdygysaýyn mukaddes topragymyz barha gözelleşýär. Şonuň bilen birlikde ildeşlerimiziň göwünleri hem sogaply işlere eýlenip, has gözelleşýär. Daş-töweregimiziň ýaşyl öwsüp durmagy howamyzyň tämiz bolmagyny-da üpjün edýär. Bag ekmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldelerine eýerip, tebigatymyzyň baýlyklarynyň üstüni ýetirýändigimize tüýs ýürekden buýsanýarys.

Oba-şäherleriň görküne görk goşulýar

Şenbe güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen günsaýyn gözelleşýän mähriban Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berildi. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu ählihalk watançylyk hereketine bir adam ýaly bolup agzybirlikde gatnaşdylar. Welaýatymyzda güýzki bag ekişlige badalga berlen Türkmenabat şäheriniň çäginde, Türkmenabat — Mary ulag ýolunyň günortasyndaky 10 gektar meýdanda zähmet baýramçylygy aýdym-sazlardan başlandy. Bag ekişligine bagyşlanan dabarada il sylagly ýaşulularymyz we kümüş saçly enelerimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada edýän aladalary üçin sagbolsun aýtdylar. Soňra olar sogaply işiň başyny başlap berdiler.

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzyň milli baýlyklaryny rejeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz bu möwsüme — ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi pederlerimizden gelýän asylly ýörelgelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzda ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylyp, şunda ählihalk bag ekmek dabarasy mynasyp orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda terbiýäniň on iki görnüşine üns çekip, onda ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesine aýratyn ähmiýet berýär. Çünki bu terbiýe şahsyýete tebigaty işjeň goramagy öwredýär, onuň tebigat bilen aragatnaşygyny kämilleşdirýär, ýaş nesli ekologik bilim bilen taplaýar.

Ýaşlara ekologik bilim bermegiň esaslary

Ekologik düşünje we tebigata söýgi adamda çagalyk döwründe kemala gelýär. Ýaş nesilleri tebigaty goramak, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýelemek, olaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak möhüm wezipedir. Ekologik bilim adamlaryň özüni alyp barmagynyň ahlak kadalaryny emele getirmäge gönükdirilen, şahsyýetiň üznüksiz terbiýe, okuw we ösüş ýagdaýydyr. Ekologik bilim — ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan iş. Ekologik bilim ýöriteleşdirilmedik görnüşde gadymy döwürlerden bäri alnyp barylýar. Gadymy filosoflar Konfusiý, Lao-Szy, Demokrit, Aristotel öz ylmy işlerinde ekologiýa meseleleri bilen bagly umumy düşünjeleri beýan edipdirler. Köp sanly ylmy işlerde tebigat bilen ylalaşykly ýörelgelere uly ähmiýet berlipdir. Şunda tebigat bilimde we terbiýede esasy şert bolup çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem adamy ruhy taýdan kämilleşdirmek, erbet gylyk-häsiýetlerden el çekmek, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, tebigata söýgi döretmek ýaly ahlak ýörelgelere orun berilýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýet: durnukly ösüşe goşant

Häzirki wagtda öňde durýan möhüm wezipeler, döwrüň öňe çykarýan meseleleri jemgyýetimizden has täzeçe usullary hem-de işläp taýýarlamalary talap edýär. Bularyň hatarynda ekologiýa howpsuzlygy ýaly ählumumy derwaýys mesele hem bar. Bu wezipeleri ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda çözmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 2017-nji ýylda «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ol degişli ugurda gatnaşyklary düzgünleşdirmäge, adamyň we jemgyýetiň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, olary daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan goramaga gönükdirilendir. Kanunyň 1-nji maddasynda bellenilişi ýaly, ekologiýa howpsuzlygy — hojalyk we beýleki işiň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň mümkin bolan ýaramaz täsirinden daşky gurşawyň, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygynyň ýagdaýydyr.

Bag ekmek — asylly ýörelgämiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen baglydyr.