"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Düzlükler gülzara öwrülýär

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygyna 2018-nji ýylyň dowamynda «Erdem» hojalyk jemgyýetiniň kömegi bilen Niderlandlaryň önümi bolan «Beaver» kysymly läbik sorujylaryň 29-sy satyn alyndy. Netijede, indi bu dolanyşygyň eýelik edýän çägi bolan Garagum derýasynyň 210-njy kilometrine çenli onuň hanasynda işleýän läbik sorujylaryň sany 40-dan hem geçdi. Olar her sagatda 2 müň kub metr gyrmançany derýanyň hanasyndan daşary çykaryp bilýär. Munuň özi öňki işledilýän läbik sorujylara garanyňda, öndürijiligi örän ýokary bolup, iş meýilnamalarynyň wagtyndan öň berjaý edilmegine doly şert döredýär. Paýzylla Öwezmyradow, Mürzebeg Jumaýew, Baýram Musaýew, Begençmyrat Amanow ýaly öz işine ussat, halypa mehanizatorlar läbik sorujylaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Olaryň her bir läbik sorujydaky topary 11 adamdan ybarat bolup, her biriniň öz ýerine ýetirýän işi bar. Ýöne şonda-da olar biri beýlekisini goldamak bilen özara arkalaşyp durýarlar. Ylym, öňdebaryjy tejribe bolsa mydama ösüşde, täze-täze tehnikalar we iş usullary peýda bolýar. Olardan baş çykarmak üçin mydama kämilleşip durmaly. Ýaňy-ýakynda hem bu dolanyşygyň işgärleriniň birnäçesi Aşgabat şäherinde kämilleşdiriş okuwynda bolup geldiler. Şondan soň bolsa bu ýere läbik sorujylaryň ýene-de has kämil täze

Täze hasylyň aladalary

Hasyllylyk ugrundaky tagallalar Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri 2 müň 150 gektar ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň «Jeýhun» orta süýümli görnüşini ýetişdirýärler. Olar şu günler ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşýärler.

Işine ussat kärendeçi

Türkmeniň gaýratly ogul-gyzlary kän. Olar göwün beren işine gül bitirýän ökdelerden. Elleri ezber, bilekleri güýçli, zehini daş ýarýan, maksatlary belent, niýetleri pamyk deýin ak diýilýän ynsanlar olar. Kärendeçi zenan Annajeren Ýazberdiýewany hem, turuwbaşdan, şolaryň biri hökmünde tanapdym. Ikimizem Ahal ýaýlasynda toýlanan ajaýyp baýramlaryň biriniň myhmany bolupdyk. Onuň bilen tanşyp, aýak üstünde söhbetdeş bolanymdan bäri Annajereniň yhlasy, mähri siňen kärende ýerini synlamagyň höwesindedim. Şol göwün arzuwymyň nesibeli güni düýn-öňňine ýazylan eken... Ak bugdaý etrabynyň «Ýaşyldepe» Geňeşliginde oba hojalygynyň ekerançylyk, maldarçylyk pudaklary boýunça ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanylýar. Elbetde, bu geňeşlikde halk hojalygynyň beýleki ugurlary boýunça-da ýola goýlan işler az däl.

«Bizde muňa daýhan tomsy diýerler»

«Bazarda bal akýar» diýen aýtgy howaýy mahabat däl. Ol ak bazarlarymyzyň haryt bolçulygyna oňyn baha berlip, hak aýdylan aýtgy. «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýleni. Bu durmuş hakykatyna göz ýetirmek üçin bazarlara, söwda merkezlerine baryp göräýmeli. Hemişe bolşy ýaly, şu günler olaryň tekjelerindäki harytlary, şol sanda ysy burk urýan dürli görnüşli gawun-garpyzlary, miweleri, dürli ir-iýmişleri, bakja önümlerini görseň, gözüň dokunýar, synlasaň, synyň oturýar. Münder-münder gawun-garpyzlaryň, şetdalylaryň, almalaryň, erikleriň, üljeleriň, garalydyr saralylaryň deňinden biparh geçip bolanok. Iň bolmanda, olaryň bahasy bilen gyzyklananyňy duýman galýarsyň. Nyrhlary bolsa elýeterli.

Önümleriň bolçulygy döredilýär

Balkan welaýatynyň zähmetkeş daýhanlary ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň bolçulygyny döretmek we ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin netijeli işleri alyp barýarlar. Olar ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny berkitmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Welaýatyň Bereket, Gyzylarbat etraplarynyň daýhan birleşikleriniň Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja önümleri diňe bir welaýatyň çäklerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bazarlarynda hem ilatymyza elýeterli bahalardan hödürlenilýär.

Taýýarlyklar ýaýbaňlanýar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň iri gallaçylyk hojalyklarynyň biri bolan «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri bu ýyl 1 müň 200 gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar. Hojalykda täze ýylyň bugdaý hasyly üçin ekişe taýýarlyk işine, hasyl ýygnalandan soň, bada-bat girişdiler. Samandan arassalanan ýerlerde şüdügär sürümi, ýeňil tekizlemek, çil çekmek işleri barha gyzyşýar. Bu işlerde daýhan birleşigi boýunça tehnikalaryň 6-sy netijeli işledilýär. Gallaçy kärendeçileriň samandan arassalanan ýerlerinde Täşli Baýlyýew, Meretdurdy Amannazarow, Magsat Mamyşow, Rejepdurdy Agamedow ýaly mehanizatorlar önjeýli zähmet çekýärler. Olar tekizlemek, çil çekmek işiniň bol hasylyň girewidigine düşünmek bilen, ýerine ýetirýän işlerine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler. Daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekiljek ýerlerine tagt suwuny tutmak, ekiş geçirmek işleriniň wagtynda we oňat hilli geçirilmegini üpjün etmekde taýýarlyklaryň depginini gowşatmaýarlar. Bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmegine hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.

Işiň depgini hem-de hili ýokary

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň däneçilik babatda zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşan Mary welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary geljek ýylda alynjak gallanyň güýzki ekişine ekin meýdanlaryny taýýarlamak işine-de berilýän ünsi günsaýyn güýçlendirýärler. Bu babatda Baýramaly etrabynda ýola goýlan işler hem ýörite bellärliklidir. Bu ýerde häzir güýzki däne ekişi geçiriljek meýdanlary şüdügärlemek işi depginli dowam etdirilýär. Etrap boýunça 2025-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek 18 müň 100 gektar ýeri şüdügärlemek meýilleşdirilýär. Bu möhüm agrotehniki çäräniň aýny wagtynda amala aşyrylmagy üçin bolsa gursagy hyjuwdan doly, işeňňir hem tejribeli mehanizatorlara ynanylan tehnikalaryň 20-si bökdençsiz işledilýär. Işiň diňe depginine däl, eýsem, hiline-de uly üns berýän mehanizatorlardan düzülen toparlaryň arasyndaky özara bäsleşik günsaýyn giň gerime eýe bolýar.

Hasyllylygy kesgitlemegiň usullary

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ekin meýdanlarynyň görkezijileri bilen berk baglydyr. Ekinleriň hasyllylyk derejesi kesgitlenende, olaryň jemi ýygnalan hasylyny we ekin meýdanyny häsiýetlendirýän görkezijiler peýdalanylýar. Öz aralarynda tapawutlanýandyklaryna garamazdan, hasylyň we hasyllylygyň görnüşleri biri-biri bilen baglanyşykly bolýarlar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Soňky ýyllarda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmekde, pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täzeçilligi girizmekde uly üstünlikler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, dürli görnüşdäki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, pudagy ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy.

Tokly – urbalyk mal

Dowardarçylykda ýaş guzulary talabalaýyk, dogry ösdürip ýetişdirmek iň jogapkärli çäreleriň biri. Guzuly goýunlary talabalaýyk idetmek üçin olardan uly bolmadyk aýratyn toparlar (körpe, orta, tokar we uly topar) düzülýär. Bu toparlarda, guzularyň ýaşy, ösüş derejesi we saglyk ýagdaýy gözegçilikde saklanylýar. Bu bolsa ýaş guzulary ösdürip ýetişdirmek üçin amatly we netijeli usul hasaplanylýar. Soňky uly topara geçirilen 15 günlük guzular tä enesinden seçilip aýrylýança, 4 – 4,5 aýa çenli eneleri bilen bile bakylýar. Ýaş guzulary tomus pasly jöwzaly yssy howada gün urmaz ýaly, ýerli materiallardan (gamyşdan, ýylgyndan) gurlan taşanyň aşagynda saklamaly. Guzuly goýunlary gün içinde iki gezek süýji suw bilen üpjün etmeli. Ajy, şor suw guzularyň içini geçirýär. Guzulary suwa ýakmak üçin guýynyň gapdalynda pessejik suw nowalaryny goýmaly. Guzular nowadan suwa ýakylmasa, mejbur bolup, ýata, hapa suw içýärler, bu bolsa olary garyn-içege kesellerine duçar edýär. Mallar suwa ýakylanda çopan süriniň yzyna eýgermejek gowşak, göýdük, näsag guzulary we keselli goýunlary saýlap, süriden çykaryp, goşmaça iýmlemegi guramaly (günde mal başyna 200 – 300 gram iým berilýär). Näsag mallary mal lukmanyna görkezmeli.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Iň uly ýertudana Dünýädäki iň uly ýertudananyň agramy 289 grama deň. Ol adaty ösdürilip ýetişdirilýän ýertudanadan 20 esse uludyr. Bu ýertudana Çahi Ariel (Ysraýyl) kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylda ösdürilip ýetişdirildi.

Bol miwe hasyly ýygnalýar

Gök–bakja, miwe önümleriniň bol hasylynyň ýetişdirilmegi ilatymyzy olar bilen ygtybarly üpjün etmäge uly mümkinçilik berýär. Bu babatda Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň bitirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Birleşigiň tejribeli bagbanlary 138 gektar ýerde dürli görnüşli miweli, saýaly baglary idedýärler. Bagbanlar şu günler çekýän ýadawsyz zähmetleriniň netijesinde, ýetişdirilen miwe hasylyny ýygnap ilatymyza elýeterli bahalardan hödürleýärler. Göreldeli bagbanlardan Rahym Abdullaýew, Bazarbaý Kamalow, Japbarbergen Sabyrow, Tursunbaý Nuraddinow dagyny görkezmek bolar. Olar özleriniň yhlasly zähmeti bilen daýhan birleşiginiň beýleki bagbanlaryna görelde bolýarlar. Bol miwe hasylynyň ýetişdirilmegi hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden  getirilýän harytlaryň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa, ter gök-bakja, miwe önümleri bilen ilatymyzy ýylyň ähli döwründe ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň iş ýüzünde berjaý edilýändigini görkezýär.

Ýurdumyzyň gök-bakja önümleriniň eksporty barha ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Soňky ýyllarda bereketli türkmen topragynda öndürilýän önümleriň mukdary barha ýokarlanyp, daşary döwletlere eksport edilýän möçberleri ýokarlanýar. Oba hojalyk önümlerini eksport etmekde türkmen telekeçileri ýokary görkezijileri gazanýarlar. 2024-nji ýylda daşary ýurtlara çykarylan oba hojalyk önümleriň iň köp bölegini garpyz-gawun tutýar.

Garpyzyň dünýä bazaryndaky orny

Garpyzyň düzüminiň 90 göterimden gowragy suwdan ybarat bolup, hem teşneligi gandyrýar, hem ýeňil siňýär. Şeýle-de bu bakjanyň düzüminde B, C, E, P witaminleri, pektin maddalary, foliý turşusy, magniý elementi, demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Halk lukmançylygynda garpyz ýürek-damar, çiş keselleriniň öňüni almakda, gan damarlarynyň çeýeligini saklamakda, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz diňe bir adam saglygyna peýdaly bolman, eýsem, dünýä ykdysadyýetine hem oňyn täsirini ýetirýär. Garpyz ösdürip ýetişdirmek Hytaý üçin diňe bir oba hojalyk ekini bolman, eýsem, ýurduň oba ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hasaplanýar. Çünki ýurduň bu pudagy millionlarça daýhanlary iş bilen üpjün edýär we obalaryň ykdysady durnuklylygyna goşant goşýar. Şeýle-de garpyz we garpyz önümleriniň (tohumy, şerbedi) eksporty ýurt üçin girdeji çeşmesi bolup durýar.

Möhüm pudakda mynasyp işler

Ilaty ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Şu maksatdan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. 29-njy iýulda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirmegi hem bu ugurda möhüm waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, pudaga uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

1 million tonna bugdaý eksport eder

Gazagystan Azerbaýjana ýylda 1 million tonna bugdaý eksport etmäge taýýar. Bu barada Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp, «Trend» habar berdi. Çeşmede bellenilişine görä, pugta işlenip düzülen we üstünlikli işleýän dänäni saklamak we satmak ulgamy Azerbaýjana agzalan möçberdäki eksporty ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Russiýa 70 million tonna galla eksport etdi

Geçen oba hojalyk ýylynda (2023-nji ýylyň iýuly — 2024-nji ýylyň iýuny) Russiýa 70 million tonnadan gowrak galla eksport etdi. Bu ýurduň galla eksportyndaky rekord görkezijidir. «Interfaksyň» habar bermegine görä, tamamlanan oba hojalyk ýylynda Russiýanyň galla eksportynda 17 göterimlik ösüş hasaba alnypdyr. Has takygy, 2022 — 23-nji oba hojalyk ýylynda Russiýa daşary ýurtlara 60 million tonna galla eksport edipdi.

Alymy meýdan synaýar

Watan hakyndaky her bir gürrüň onuň goýnunda mesgen tutan halk bilen aýrylmaz bagly bolýar. Ynsan mesgen-mekan edinenden soň, Zemin künjekleriniň arzyly Watana, eýeli ýurda öwrülýändigi mälim. Allanyň türkmene miýesser eden gözel künjeginiň — Türkmenistanyň ähli ýeri gözellik, topragynyň üsti-asty hazyna. Şol gözelliklere we hazynalara ygtybarly eýe bolýan rysgally-döwletli halkymyz bar. «Şatlyk mesgen tutmaz dar köňüllerde» diýlişi ýaly, türkmeniň köňlüniň giňligi we ruhunyň baýlygy, megerem, ozaly, tebigatyndan gaýdýandyr. Topragy ene saýýan, onuň gadyr-gymmaty hakynda onlarça nakyllary döreden, ýer eýesini han hasaplan, «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýýän türkmeniň bu boldan berlen ýer baýlygyna tapylgysyz gymmatlyk, eşrepi ýaly garaýşyna haýran galaýmaly. Heý, başgaça bolup bilermi?! Ýer türkmeniň tükeniksiz, könelmeýän, garramaýan hazynasy, halal rysgal çeşmesi. Şu garaýşyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da berkeýändigini, milli ýörelge hökmünde ykrar edilýändigini hormatly Prezidentimiziň 29-njy iýulda oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunca geçiren iş maslahaty ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Oba hojalygy: rowaçlyklara beslenýän özgertmeler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hepdäniň duşenbe güni ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahaty häzirki döwürde giň möçberde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň has kämilleşdirilmegini, üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýän, bu ugurda täze çemeleşmelere, röwşen geljegi nazarlaýan beýik işlere badalga berýän aýratyn ähmiýetli waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, möhüm tabşyryklary esasynda milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli pugtalandyrylmagy, pudagy dolandyrmagyň, hojalygy ýöretmegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýer eýeleriniň, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bagly täze wezipeler kesgitlenildi. Möwsümleýin işleriň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde wajyp meselelere garalyp, döwrebap başlangyçlaryň öňe sürülmegi edermen babadaýhanlarymyzy has tutanýerli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda giň gerimli özgertmeleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda geçirilmeli möhüm çärelere, wajyp iş ugurlaryna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilen toplumlaýyn çäreler pudagyň binýadyny pugtalandyryp, oba hojalyk önümlerini öndürmegi ilerletmäge, daýhanlaryň durmuş-

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Ahal Şöhratly künjege syýahat