"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kitaphana — hazynalar ummany

Türkmen halkynyň juda baý taryhy ýoly bar. Halkymyz uzak geçmişden bäri ähli ugurlarda, hususan-da, ylymda-bilimde, sungatda, medeniýetde özüni tanadyp, dünýä sungatyna we medeniýetine uly goşant goşupdyr. Geçmişde türkmen topragynda döredilen döwletlerde ykdysadyýete, sungata we medeniýete uly üns berlendigini alymlar tassyklaýarlar. Ylym-bilim ummanynyň egsilmez çeşmesi hökmünde bu döwletlerde kitaplar we kitaphanalar meselesine uly üns berlipdir. Birnäçe bilim ojaklarynyň we kitaphanalaryň giňden ýaýran ýeri hem Köneürgençdir. Köneürgençde türkmenleriň meşhur hökümdarlarynyň biri Atsyz kitaphana döredipdir, ondan alymlar peýdalanypdyrlar. Atsyz kitaphanany 1142-nji ýylda döredipdir diýip çaklanýar we ol bir asyra golaý wagt alymlara we köpçülige hyzmat edipdir. Köneürgenji beýik derejä ýetiren Tekeş XII asyryň 80-nji ýyllarynda uly medrese we onuň ýany bilen kitaphana esaslandyrypdyr, olar köp ýyllaryň dowamynda hyzmat edipdir. Köneürgençde we onuň çäklerinde Muhammet şa tarapyndan hem birnäçe medreseler we kitaphanalar gurlupdyr. Mundan başga-da, gadymy Köneürgençde Reşit Etdin Watwatyň, Şeýh Nejmeddin Al-Kubranyň, Ymam Şyhabeddin Al-Hywakynyň kitaphanalary bolupdyr. Bu kitaphanalar köp alymlaryň kemala gelmeginde uly orun tutupdyr we köpçülige hyzmat edipdir.

Mehter — geçmişiň buýsançly mirasy

Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde şeýle setirler bar: «Beýik Osman türkmenleriniň döwletinde ýörite «Mehter» (bu söz parslaryň «mihter» sözünden bolup, «beýik, uly» diýen manyny berýär) atly harby aýdym-saz topary hereket edipdir. Topar osman soltanlary tarapyndan barha kämilleşdirilipdir. Nagara, tebil, dowul, surnaý ýaly saz gurallaryndan düzülen bu saz topary esgerleri söweşe ruhlandyrmak bilen birlikde, garşydaş tarapy aljyraňňy ýagdaýa salmaklyga täsir edýän serişde hökmünde ýörişlerde ulanylypdyr. Mehter harby aýdymsaz topary goşuny tertibe salmakda, nyzama duruzmakda hem uly orun eýeläpdir. Olaryň haýbatly aýdym-sazlary Wizantiýa goşunyna öz täsirini ýetiripdir». Osmanly türkmen döwleti 623 ýyllap dowam edip, öz zamanasynda ylym-bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we harby ulgamda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz goýupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly eserinde beýan edilýän “mehter” harby aýdym-saz toparynyň taryhy kökleri çuňdur. Mehterden öň orta asyr türkmen döwletlerinde “newbet” hökümdarlygyň esasy nyşanlaryndan biri bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz ady agzalan eserinde: “Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde “Newbet” (newit — buşluk, hoş habar, söýünji) atly harby aýdym-saz topary bolupdyr” diýip ýazýar. Bu harby aýdym-saz topary tarapyndan, esasan, hökümdary

Gadymyýetiň ýaňy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iň asuda, abadan, gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzda geçirilýän iri möçberli halkara syýasy, ykdysady, medeni we sport çäreleri halkymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde, Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalar özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bellige alyndy. Şol ýyldan başlap hem her ýylyň 25-nji maýynda «Aşgabat şäheriniň güni» ýurdumyzda uly baýram edilip bellenilýär. Paýtagtymyzyň täze taryhy beýik wakalara baý bolşy ýaly, geçmişde hem uly şöhrata eýe bolupdyr. Baş şäherimiziň çäginde ýerleşen arheologik ýadygärlikler onuň taryhyny dikeltmäge uly mümkinçilikler döredýär. Olaryň hatarynda Aşgabady etekläp oturan Köpetdagyň dag galalary we minaralary sebitiň daşky duşmandan goragyny üpjün edendigi barada maglumatlary berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda hem geçmişde ýurdumyzyň çäklerinde we Aşgabat şäherinde gurlan galalar, kerwensaraýlar hakynda täsin maglumatlar, olar bilen baglanyşykly rowaýatlar okyja ýetirilýär

Gadymy ýörelgelere eýerip

Hindi professory Mansura Haýdaryň ady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde giňden bellidir. Ol uzak ýyllaryň dowamynda Hindistanyň Aligarh musulman uniwersitetinde Hindi-Günbatar hem-de Merkezi Aziýa döwletleriň taryhy dersinden bilim berdi. Hindistanyň hökümetiniň düzüminde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçirilen halkara ylmy maslahatlara wekilçilik etdi. Hindistanyň Indira Gandi adyndaky milli sungat merkeziniň yslamyň we Merkezi Aziýanyň taryhy boýunça ylmy geňeşçi wezipesinde işledi. On bäş sany kitabyň hem-de köpsanly ylmy makalalaryň awtory bolan alym ýurdumyzda geçirilen halkara maslahatlara, forumlara yzygiderli gatnaşdy. 2014-nji ýylda Mansura Haýdar türkmen-hindi medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Biz hindi alymy Mansura Haýdaryň türkmen-hindi medeni gatnaşyklary baradaky makalasyny okyjylara ýetirýäris.

Türkmeniň maşgala adatlary hakynda dünýäniň alymlary şeýle mahabatlandyrýarlar

Türkmen milleti täsin taryhy bilen, geçmişde diňe bir türkmen taryhçylarynyň däl, hatda dünýäniň alymlarynyň hem ünsüni özüne çekipdir. Türkmen topragyna onlarça jahankeşdeler syýahat edip, öz ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Daşary ýurtly alymlaryň we syýahatçylaryň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy barada maglumat berýän ençeme eserleri bar. Türkmen gelin-gyzlary, olaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny, egin-eşikleri, şaý-sepleri, dokan halylary, el işleri daşary ýurtly alymlaryň we syýahatçylaryň, şol hatarda britan syýahatçylarynyň hem ünsüni özüne çekipdir. Olaryň işleriniň aglaba böleginde Merkezi Aziýa sebitinde türkmen zenanlarynyň maşgalada hem-de jemgyýetde uly orna we derejä eýedigini haýran galmak bilen belläpdirler. 1844-nji ýylda türkmen topragynda bolan britan syýahatçysy Jon Ferriýeriň ýazmagyna görä: «Türkmen zenanlary öý işlerine örän werziş. Olar ekinlere, mallara hem ideg etmäni başarýarlar». Bu babatda türkmenleriň we Orta Aziýa halklarynyň ruhy medeniýeti barada öz pikirlerini has giňişleýin beýan etmegi başaran Armeniý Wamberi türkmen zenanlary barada: «Hakykatdan hem, türkmen aýallary uly hormata mynasyp, çünki tutuş Gündogarda olar bilen deňleşip biljek päk ahlaklylygyň, maşgala bolan wepalylygyň, irginsiz zähmet çekmegiň beýik nusgasyny görmedim» diýip, öz ýazgylarynda beýan edýär.

Soltan Razyýa

Soltan Razyýa Hindistanda höküm süren Deli türkmenleriniň soltanlaryndan Şemseddin Iltutmuşyň gyzydyr. Bu zenan edebiýatlarda Razyýa Mälike, Razyýa soltan, Razyýa hatyn diýlip hem ýatlanylýar. Soltan Şemseddin Iltutmuşyň uly ogly, tagta mirasdüşer bolmaly Bengal häkimi Nasyretdin Iltutmuş tarpa-taýyn aradan çykýar. Soltan gyzy Razyýany özüne mirasdüşer bellemegiň aladasy bilen bolýar. Wezir-wekilleriniň bu pikirine garşy çykmagyna garamazdan, soltanyň: «Meniň ogullarymyň hiç haýsysynda ýurdy dolandyryp biljek ukyp ýok. Şonuň üçinem olar ýurtdaky asudalygy saklap bilmezler. Bilip goýuň, mirasdüşer şalyga hiç haýsy Razyýadan mynasyp däldir. Sebäbi Razyýa erkek doganlaryndan hemmetaraplaýyn üstündir. Ol zenan bolsa-da, akyly we paýhasy erkeklerden tapawutlydyr» diýen sözünden soňra ygtyýarnama berilýär.

Şadiwanyň şuglasy

Eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan ...Köneürgençden günbatara, Sarygamyşa tarap giden kerwenler Mangyr belentligine çykypdyrlar. Onuň depesinde şu wagtlar hem etekleri bilen ýaýran uly şäheriň yzlaryny görmek bolýar. Bu ýere Mangyr gala diýilýär, ýöne onuň esasy ýörgünli ady Halapdyr. Ol Siriýadaky köne Halap şäheriniň adydyr. «Şasenem — Garyp» dessanynda bu şäheriň ady getirilýär. Bu ýerde ýene iki sany orta asyr şäheri bolup, olar Amyderýanyň Sarygamyş kölüniň etegindäki köne hanasynyň ugrunda ýerleşýär. Biri-birinden gatybir uzakda bolmadyk bu şäherlere dessandan alnan atlar dakylypdyr. Olar Kawkazda hem-de Türkiýede meşhur bolan Şamahy hem-de Diýarbekir şäherleriniň atdaşlarydyr. Orta asyr şäheri bolan Suwburun şäheriniň galyndylary sebitiň günortasynyň we Garagum çölüniň araçäkleşýän ýerinde ýerleşýär. Ol türkmen däbine görä, gadymdan bäri ýöne Şasenem diýlip atlandyrylýar. Bu zatlaryň hemmesi dessanyň nähili meşhurlyga eýedigine şaýatlyk edýär.

Gadymy medeniýetiň gymmatlyklary

Hytaý irki döwürlerden bäri dünýäde ösen medeniýetiň merkezi hökmünde tanalýar. Muňa biziň günlerimize çenli gelip ýeten ençeme gadymy ýadygärlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem «Terrakota goşuny» ady bilen belli bolan hytaý imperatory Sin Şi Huan-diniň ýadygärlikler toplumydyr. Terrakota — gyzylymtyk-goňur reňkli bişirilen toýun bolup, bu gadymy künjekde toýundan ýasalan heýkelleriň örän köpsanlysy tapylýar. 1974-nji ýylyň mart aýynda Sian şäheriniň golaýynda, Lişan dagynyň gündogar böleginiň ýakynlarynda ýerli burawlaýjylar gadymy gubruň üstüni açýarlar. Imperator Sin Şi Huan-dine degişli bolan gubur gündogar tarapa 1,5 kilometre uzap gidýän, daşky diwarlarynyň perimetri 6 kilometre deň bolan giňişlikde ýerleşipdir. Bu ýerde 1978 — 1984-nji ýyllarda birinji, 1985 — 1986-njy ýyllarda ikinji, 2009-njy ýylda bolsa üçünji arheologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Netijede, arheologlar tarapyndan ýadygärlikler toplumynda bişen toýundan ýasalan esger heýkelleriniň 8000-den gowragy, atlaryň heýkelleriniň 100-si, söweş arabalarynyň şekilleriniň 18-si tapylýar. Atlaryň heýkelleriniň her biriniň agramy 200 kilograma, esger heýkelleriniňki bolsa 135 kilograma ýetip, olar ýasalan wagtlarynda toýun ilki bişirilip, soňra dürli reňkler bilen boýalypdyr. Ýöne ol boýaglaryň reňki wagtyň geçmegi bilen bütinleý öçüpdir. Şeýle hem, her bir adam heýkeliniň ýüzüniň b

Hazynadaky täsinlikler

Taryhyň köp syrlaryny özünde jemleýän Kaka topragy Namazga depe, Altyndepe, Ulugdepe, Hysrowgala, Mäne Baba kümmeti, Kufen gala, Hywabat, Garahan gala, Kaka medresesi, Sandykly Baba, Bedene galasy ýaly onlarça taryhy ýerleri bilen uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerleriň taryhy syrlaryny öwrenip, asyrlaryň geçmegi bilen ýer astynda galan milli gymmatlyklary ýüze çykarmakda etrabyň «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasy uly işleri alyp barýar. Goraghananyň etrap merkezinde ýörite muzeý gaznasy bolup, onda ady agzalan taryhy ýerlerden tapylan milli gymmatlyklar aýawly hem ygtybarly saklanýar. Muzeý gaznasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleri, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, zähmet gurallary, öý-hojalyk işleri üçin zerur bolan enjamlar, körpe nesillere niýetlenip ýasalan gadymy nusgalar beýanyny tapýar. Mirasgär A.Halmyradow «Gadymy Abiwerd» atly kitabynda Altyndepäniň dünýäniň taryh ylmyndaky meşhur Şumer we Wawilon, gadymy Hindi, gadymy Hytaý siwilizasiýasy bilen deň hatarda durýandygyny belleýär.

Gadymy galalar

Ýergala — Gökdepe demir ýol menzilinden günbatarda ýerleşýär. Daşky alamatlary boýunça Ýergala uly bolmadyk berkitmäniň harabalygydyr. Galanyň diwarlary ýumrulyp, seňňere öwrülipdir, onuň ortasynda giň çöketlik bar. Depäniň gurluşy taraplary 49x49 metr bolan inedördül görnüşlidir. Günorta-günbatar tarapynyň ortasynda giçki döwürde gazylan garym arkaly zaýalanan girelgäni görmek bolýar, diwarlary pagsadan galdyrylyp, onuň esasynyň ini 1,8 m, ýokarsy ep-esli inçelýär. Daşky görnüşinden çen tutsaň, diwarlarynyň beýikligi, takmynan, 3 metr bolupdyr. Häzirki wagtda olaryň beýikligi 1,3 metrden geçmeýär. Berkitmäniň burçlarynda süýri görnüşli diňler gurlupdyr. Galanyň içinde hiç hili desganyň yzlary görünmeýär. Onuň ortasyndaky medeni gatlagyň galyňlygy bary-ýogy 20-30 santimetr bolup, içinde arheologiýa tapyndylar juda az duşýar. Tapylan küýze önümleriniň böleklerini iki topara bölmek mümkin. Birinji toparyň gap-gaç bölekleriniň ýaşy iki müň ýyla golaý, ikinji topardakylaryňky iki-üç asyryň çäklerindedir hem-de berkitmäniň döwri bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Onuň senesi XVII — XIX asyrlar bilen kesgitlenilýär. Köne Ahal — Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz obasynyň çäklerinde ýerleşýär. Ylmy edebiýatda ol Kümmetliýaýla ady bilen hem duşýar. Galanyň daşyna pagsadan galdyrylan beýik diwar aýlanypdyr. Gala diwary gönüburçly görnüşde gurlup, alty sany diň bilen berkidilipdir

Şadiwanyň şuglasy

Eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan ...Bu sebitiň demirgazyk çetinde Döwkesen şäheri bar. Onuň gala diwarlary hem-de binalary Üstýurt tekizliginiň üç sany eňňit ýerinde gurlup, bu ýerden ýokary galyp, howalanyp görünýär. Oňa «Arwahlaryň kesen galasy» — Döwkesen diýilýär. Bu gadymy ilatly ýeriň taryhy has ir döwürlerden, biziň eýýamymyzdan öňki VI — III asyrlardan başlanýar, alymlar onuň Wezir şäheri bolandygy hakynda belläp geçýärler. Bu şäheriň kuwwatly içki galasy hem-de ybadathanasy bolup, ol orta asyrlarda hem ýaşapdyr. Onuň üstünden Russiýa tarap kerwen ýollary geçipdir. Şäheriň köne sudurynda tekizligiň iň çetinde uly şäher ybadathana metjidiniň galyndylary saklanypdyr. Onuň ýanynda hem iki sany aramgäh bar. Olaryň gurulmagyny meşhur Perhat bilen Şiriniň atlary bilen baglanyşdyrýarlar. Rowaýatlaryň birinde Derýalyk hem-de Sarygamyş çäklerinde, Amyderýanyň gadymy hanasynyň ugrunda ir zamanlarda kuwwatly Edhem şanyň hökümdarlyk edendigi gürrüň berilýär. Şol patyşanyň Şirin atly owadan gyzy bar ekeni. Oňa daş ýonujy Perhat hak aşyk bolup, gyz hem ony ýürekden söýüpdir. Patyşa gyzyny daş ýonuja durmuşa çykarmak islemeýär, ýöne birden garşy bolup, gyzynyň göwnüne degmegi hem unamaýar. Şonuň üçinem Üstýurt gaýalarynyň eňňidinde uly ýap gazyp, ýokarsynda berkitme guran adama gyzymy berjek diýip ygl

Mohenjo-daro

Häzirki Pakistanyň Sind welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän arheologik ýadygärligi Mohenjo-daro alymlar tarapyndan Ýer ýüzüniň irki medeniýet gatlagyna degişli edilýär. Ol, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 3300-nji ýyllarda «Harappa medeniýeti» ady bilen belli bolan, häzirki Hindistanyň, Pakistanyň ýerlerinden başlap, günorta Aziýanyň çäklerine çenli ýaýran gadymy ýadygärlikler toplumynyň ilkinji nusgalarynyň we iň ulularynyň biri hasaplanylýar. Mohenjo-daro biziň eýýamymyzdan öňki 2500-nji ýyllarda gurlup, ol gadymy Müsür, Mesopotamiýa ýaly irki medeniýet ojaklary bilen döwürdeşdir. Şäheriň başky atlandyrylyşy näbelli bolup, «merhumlaryň baýyrlygy» diýen manyny berýän Mohenjo-daro ady ýerli halk tarapyndan dakylypdyr diýlip çaklanylýar. Şäher ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşişi we desgalarynyň gurluşygy boýunça öz döwrüniň ýokary derejeli ösen merkezi bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki XIX asyrda bu ýerlerde ilatyň ýaşaýyş derejesiniň pese düşmegi sebäpli şäher terk edilipdir, ol hakynda, takmynan, 3700 ýyllap maglumat bolmandyr. 1920-nji ýylda bu ýadygärlikler toplumynyň üsti açylyp, arheologik gazuw-agtaryş işleri başlanýar. Mohenjo-daroda dürli wagtlarda, ýagny, 1924 — 1925-nji ýyllarda K.N.Dikşitiň, 1925 — 1926-njy ýyllarda J.Marşalyň, 1930-njy ýyllarda bolsa D.K.Dikşitaryň, Marşalyň ýolbaşçylygynda düýpli barlag işleri alnyp barylýar. Şol gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy