Naryň saglyga peýdasy

24 Ýanwar 2021
1634

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Kadaly iýmitlenmek hem esasy ugurlaryň biridir.

Sagdyn iýmitlenmekde miweler hem zerur önümlerdir. Şu nukdaýnazardan, nar hem saglyga peýdalydyr. Naryň üýtgeşik tagamlylygy, şireliligi onda dermanlyk häsiýetli dürli maddalaryň toplanmagyny şertlendirýär. Adaty nar dag ösümligi hasaplanýar. Onuň miwesinde uglewodlar, şeker, limon we alma turşulyklary, A, С, E, B1, B2, witaminler, demir, ýod saklanýar. Naryň şiresi şekeriň, glýukozanyň, С witamininiň, kalsiniň, kaliniň, natriniň, fosfatlaryň, marganesiň, magniniň çeşmesi bolup durýar.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiňSaglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.