Il saglygy — ýurt baýlygy

22 Ýanwar 2021
1434

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goramaga uly üns berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda adam we onuň saglygy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» taglymaty ýurdumyzda has netijeli saglygy goraýyş ulgamynyň kemala getirilmegini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda BMG hem-de onuň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly iri düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Ulgam boýunça halkara hyzmatdaşlyk we özara tejribe alyşmak wezipesi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygy we abadançylygy baradaky aladalarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.