Möhüm meselelere garaldy

8 Ýanwar 2021
1973

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini we durnuklylygyny üpjün etmek, milli kanunçylygy we hukuk işini kämilleşdirmek, kanunyň berjaý edilişine gözegçilik etmek hem-de beýleki möhüm wezipeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde garalan esasy meseleler boldy.

6-njy ýanwarda geçirilen mejlisde ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli