Türkmen diplomatlaryna baýramçylyk sowgady

1 gün öň
73

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günleri Özbegistanda işleýän türkmen diplomatlary üçin ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Düýn Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýan diplomatik gullugyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş-durmuş we iş şertleriniň döredilýändigini aýdyň görkezmek bilen, buýsanjyňa buýsanç goşýar.

Täze jaýyň açylyş dabarasyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Daşkentde işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden iki ýurduň resmi wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň pugta syýasy erki esasynda amala aşyrylýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Kadyrberdi BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň attaşesi.