Şatlyk-şowhuna beslenip, Täze ýyl geldi Diýara

2 gün öň
62

Şeýle at bilen Türkmenbaşy şäherindäki «Tagam» toý mekanynda aýdym-sazly çäre geçirdik. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada buýsançly söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyş sözleri dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar baýramçylyga özboluşly bezeg berdi. Olarda ajaýyp döwrümiziň, ata Watanymyzy gülledýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň,  Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi.

Gülşat Annadurdyýewa,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy.