Rysgal-bereketli ýyllardan bolsun!

2 gün öň
47

Täze ýyl baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde aýdym-sazly  dabaraly çäre geçirdik. Oňa Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  welaýat birleşmesiniň işgärleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýetip gelýän täze ýylyň hem tamamlanyp barýan ýylymyz ýaly rysgal-bereketli bolmagy, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda  Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi.

Jeren Garajaýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.