Şanly ýyldan Şa serpaýlylar

18 sagat öň
44

Toýguly JEPBAROW,
Türkmenistanyň halk artisti:

— Dana Pyragynyň goşgulary bagşylaryň şirin zybany bilen biziň günlerimize aýdyma öwrülip gelip ýetdi. Meniňem aýdym-saz gorumda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen «Pygan eglenmez», «Ýar gerekdir», «Söhbet ýagşydyr» ýaly aýdymlar bar. Özümem Pyragynyň «Gözüm düşdi», «Bilinmez» ýaly goşgularyna saz döretdim. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, oglum Gulberdi Jepbarow hem beýik akyldaryň şygyrlaryna döredilen aýdymlary aýdýar. Ýakynda Gulberdi bilen Magtymgulynyň birnäçe goşgusyna aýdylan aýdymlary täzeden işledik. Şol aýdymlarymyzy hem halkymyz gyzgyn garşylar diýip tama edýärin.

Taýýarlan ýörite habarçymyz.