«Hakyda göwheri» — ýaşlygyň we ýaşlaryň kämil mekdebi

19 Dekabr 2024
112

Sözümizi Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabyndaky: «Häzirki döwürde ildeşlerimiziň, şol sanda ýaşlaryň-da gadymy taryhdan söz açýan eserler bilen aýratyn gyzyklanýandyklarynyň şaýady bolanymda, örän begenýärin» diýen sözleri bilen başlamagy müwessa bildik. Çünki eziz Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Watana buýsanmak, gadymy taryhy kökleriňe daýanmak, seni beýik mertebeleriň eýesi edýär. Ömrüňe many gatýar we seni ynsanlygyň çür başyna çykarýar.

Hakyky watançy, ilhalar ýaşlary terbiýelemek beýik pederleriň ruhuna togap kylmakdyr, olaryň şanyna hem-de beýik taryhy şöhratyna dahylly bolmakdyr. Ýaşlygyň we ýaşlaryň aýratyn ynam, beýik söýgi hem çäksiz mümkinçilikler bilen gurşalýan abadan, owadan ýurda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby hakydalary ýagtyltjak nur bolup geldi. Ol kämilligiň, tämizligiň beýik mekdebini goýan Oguzlaryň oguznamalaryndan salamdyr. Ol Taňrynyň türkmene eçilen elýetmez hem juda gymmatly beýik ykbaly baradaky döwletli kelamdyr. Bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara, ýaşlyga hem hiç wagt garramaýan heňňamyň beýikligi hakynda söz açýan buýsançnamasydyr.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.