Parahatçylygyň hem jebisligiň bitewüligi

12 Dekabr 2024
182

Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp hem taryhy wakalarynyň üstüni ýetiren Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary kalplary joşly ildeşlerimiziň ýürek şatlygyny goşalandyrdy. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da bu özboluşlylyk giň häsiýete eýe boldy. Welaýatymyzyň merdana halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar babatda ösdürmäge degişli işlere işjeň goşulmak bilen, ata Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna halal hem tutanýerli zähmet çekýärler, toý-baýramlary üstünlikli garşylaýarlar. Muny göwün galkyndyryjy dabaralaryň ajaýyp pursatlary doly açyp görkezýär.

Ýörite habarçymyz.