Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy — bütindünýä gymmatlygy

12 Dekabr 2024
146

Di­ýa­ry­myz­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nil­di

12-nji de­kabr­da ýur­du­myz­da mö­hüm şan­ly se­ne — Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da ta­ry­hy Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­niň 29 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nil­di. Se­bit­de hem-de dün­ýä­de, döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň ny­şa­ny bo­lan bu se­ne mil­li we hal­ka­ra de­re­je­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hormatly Prezidentimiz hal­ky­my­za ibe­ren Gut­la­gyn­da bi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­my­za, bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­ze esas­la­nyp, gel­jek­de-de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy, gül­läp ös­ýän dost­luk­ly ýur­du­na öwür­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ni bel­le­di.