Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

4 Ýanwar 2021
1822

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Iň ýokary derejede syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Özara düşünişmegiň, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara goldawyň ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär.

TDH-niň habary esasynda.