Müňýyllyklara 30 ýyllyk syýahat

28 Noýabr 2024
246

Gadymy topragymyzyň «Asty-da, üsti-de altyn» diýleni. Sebäbi bu topraga ylmyň dilinde gulak salyp bilseň, müňýyllyklaryň aňyrsyndaky şöhratly menziller barada gyzykly söhbetleriň şaýady bolýarsyň. Bilelikdäki türkmen-fransuz ekspedisiýasy hem 30 ýyl bäri şeýle söhbetleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirip gelýär. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 22-nji noýabrda açylan «Türkmen-fransuz arheologiki ekspedisiýasy. 30 ýyllyk arheologiki işler: Ulugdepe» atly hemişelik sergi hem şu geçen döwürde alymlaryň bitiren işlerine bagyşlanypdyr.

Sergide görkezilen 230-dan gowrak eksponatyň her biri gadymy topragymyzyň taryhy geçmişiniň şaýady. Has dogrusy, olar paýtagtymyzdan 170 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ulugdepe ýadygärliginde alnyp barlan gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar. Miladydan öňki VI müňýyllykdan parfiýa, sasanylar döwrüne çenli aralygyň şaýady bolan taryhy ýadygärligiň Merkezi Aziýada başga ýokdugy Ulugdepäni has-da özüne çekiji edýär. Şonuň üçin-de türkmen-fransuz alymlarynyň 30 ýylky zähmetiniň miweleri bolan tapyndylar taryhyň dürli döwürlerini öwrenýän alymlardyr talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

Jeren NURYMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.