Magtymgulynyň edebi mirasy — görelde mekdebi

20 Noýabr 2024
318

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşuny üpjün etmäge, ata-babalarymyzdan miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär.

2024-nji ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda çuňňur many-mazmun ýatyr. Bu ýylda bellenilýän akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin adamzat üçin baýramdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Röwşen ESENOW,
Akdepe etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň mugallymy.