Pyragynyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki orny

20 Noýabr 2024
288

Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen milletiniň, döwletiniň ýeten derejeleri, dünýä ýüzüne ýaň salan millilik ýörelgeleri bu gün arşa çykdy. Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Müň gezek aýdandan bir gezek edip görkezmek ýaşlara hakyky nusgalyk işdir. Buýsanç duýgularyna, asylly terbiýä, göreldä esaslanyp ýetilen sepgitler barada hormatly Arkadagymyz öz atalyk kitaplarynda jaýdar belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimize dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bilim, terbiýe bermekde, hünär öwretmekde ata-babalarymyzyň göreldesine eýermek, geçmişe ser salmak, ýaşlaryň durmuşa bolan höwesini, hyjuwyny artdyrýar. Gowy pikirler, ýagşy sözler kalbyňy päkleýär, ruhy ýaşaýşyňy, arzuw-telwasyňy artdyrýar, ýürekleri joşdurýar, içki dünýägaraýşy gözelleşdirýär. Magtymguly Pyragy öz eserlerinde halkymyzyň geljegini, geçmişini öz döwrüne baglanyşdyrýar, halkymyzy dostluga, parahatçylyga, ynsanperwerlige çagyrýar, ýaşlary batyrlyga, gaýduwsyzlyga ruhlandyrýar, özbaşdak türkmen döwletini gurmak, döretmek baradaky pikirlerini beýan edýär.

Abdulla RAHMANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy.