Anyk işler we aýdyň wezipeler

1 Ýanwar 2021
1828

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar oňyn netijelerini berip, döwletimiziň berkararlygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň girewine öwrülýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda belent sepgitlere we uly üstünliklere beslenip geçen 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyzyň 2021-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. Täze ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi.

«Watan».