HALKARA SAGALDYŞ-DIKELDIŞ MERKEZI: döwrebap şertler, täze mümkinçilikler

23 Oktýabr 2024
358

Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen, täze taryhy döwürde bolsa rejelenen görnüşde gaýtadan kabul edilip, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap saglyk öýleriniň, köpugurly hassahanalaryň, täze sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Raýatlarymyz döwrebap binalary bolan şeýle düzümleriň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanyp, öz saglyklaryny berkidýärler. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen ulanyşa girizilen halkara derejeli saglyk merkezleri bolsa bu ugurda täze mümkinçilikleri açdy. Olaryň biri-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezidir.

400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi şikeslerden we kesellerden soňra näsaglaryň saglygyny dikeltmäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap desgadyr. Şunda onuň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de şeýle saglygy goraýyş desgalarynyň ilkinjisidigini nygtamak gerek. Munuň özi halkara derejeli bu saglyk merkeziniň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň milli lukmançylygynyň ösüşinde täze mümkinçilikleriň açylandygyny görkezýär. Merkeziň robotlaşdyrylan sagaldyş-reabilitasiýa lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilmegi dogabitdi ýa-da şikeslerden soňky ýagdaýlary bilen bagly ýüz tutýan näsaglaryň keselini bejermekde, mümkinçiligi çäkli adamlaryň saglygyny bejeriş-dikeldiş işlerini netijeli amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.