Bedene suw ýetmezçilik edende...

19 Oktýabr 2024
244

Suw adam, şol sanda çaga bedeniniň ýaşaýşyny üpjün edýän möhüm serişdeleriň biridir. Suwsuz ýaşaýyş mümkin däldir. Çaga bedeni suw we suw çalşygy babatda, ulularyňkydan birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olar, esasan-da, şular: çaga bedeniniň köp bölegi suwdan ybarat, şeýle-de çaga, näçe ýaş bolsa, şonça-da bedeniniň köp bölegi suwdan durýar.

Çaga bedeninde suw molekulalary uzak saklanmaýar, ýagny olar ortaça 4-5 gün saklanýar, şol bir wagtyň özünde uly adamlaryň bedeninde suw molekulasy 10-15 gün saklanýar. Bu aýratynlyklar çaga bedeninde suw çalşygynyň has çalt geçýändigini alamatlandyrýar, netijede bolsa, bu babatda islendik bozulmalaryň, ýagny bedende suwuň ýetmezçiliginiň ýa-da onuň artykmaçlygynyň agyr ýagdaýa getirýändigini görkezýär.

Annageldi SAPARGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň çaga keselleri propedewtikasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.