Çagalarda ýiti respirator keselleriniň öňüni almak

7 Oktýabr 2024
331

Ýiti respirator keselleri pasyl çalşanda, güýz-gyş aýlary has-da köpelýär hem-de köpçülikleýin ýaýraýar. Bu has hem çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň arasynda ýygy duş gelýär.

Ýiti respirator keselleriniň çagalarda ýygy-ýygydan gaýtalanmagy bogazyň, bronhlaryň we öýkeniň dowamly kesellerine öwrülmegine, bronhial demgysma, tonzillitler, adenoitler, bronhitler, öýken sowuklamasy ýaly gaýraüzülmelere getirip biler. Mundan başga-da, ýiti respirator keselleriň gaýtalanmagy çagalarda bedeniň dürli dermanlara bolan duýujylygyny ýokarlandyrýar we allergiýa bilen bagly keselleriň döreme howpuny artdyrýar.

Maksat ÇARYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.