Saglyk — baýlyk

6 Oktýabr 2024
370

«7/24.tm»: №41 (22807.10.2024

Ata-ba­ba­la­ry­myz «Bar za­dyň sa­ka­sy — sag­lyk», «Sag­ly­gym — beg­li­gim» di­ýip, yn­san sag­ly­gy­ny äh­li zat­dan ýo­kar­da go­ýup, en­çe­me pä­him-pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­la­ry bi­len, bu gün­ki gün ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da sag­ly­gy go­ra­mak, be­den­ter­bi­ýe we spor­ty ös­dür­mek Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň mö­hüm ul­gam­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn bol­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­me­gi­niň, adam­la­ryň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­nyň mö­hüm şer­ti­dir. Şeý­le bo­lan­soň, Di­ýa­ry­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da ile­ri tu­tul­ýan döw­let we­zi­pe­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň öz­bo­luş­ly mil­li nus­ga­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bu we­zi­pä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gys­ga dö­wür­de ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň en­çe­me­si gu­rul­dy. Bu sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri, şy­pa­ly dynç al­mak­la­ry üçin hal­ka­ra de­re­je­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp tom­ly yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­by sag­ly­gy go­ra­ýyş­da dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da, be­jer­mek­de uly gol­lan­ma­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň en­çe­me eser­le­rin­de türk­men te­bi­ga­tyn­da ös­ýän ösüm­lik­le­riň, te­bi­gy baý­lyk­la­ryň yn­san sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän aý­ra­tyn peý­da­la­ry ba­ra­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — mel­hem­ler me­ka­ny» at­ly ki­ta­byn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra öl­çe­gin­dä­ki şy­pa­ha­na­lar ül­ke­si hök­mün­de ägirt uly kuw­wa­ty we müm­kin­çi­lik­le­ri açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Bu ki­tap­da mi­ne­ral suw­la­ryň, pal­çyk­la­ryň, ho­wa­nyň, şy­pa­ha­na be­jer­gi­si­niň dür­li usul­la­ry­nyň adam be­de­ni­ne ýe­tir­ýän tä­si­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.

Ser­dar ATA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň har­by gul­luk­çy­sy, ma­ýor.