Sagdynlygyň gözbaşy

27 Sentýabr 2024
424

Her paslyň öz aýratynlygy bolýar. Güýzde howa salkynlap, ynsan bedeninde hem üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu döwürde dowamly keselleriň käbirleriniň, ýagny ýürek-damar ulgamlaryndaky hem-de allergiýa keselleriniň, dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň gaýtalanmagy mümkindir. Şol esasdan, şeýle ýagdaýlarda allergiýa keseliniň güýjemezligi üçin, ilkinji nobatda, onuň döremegine sebäp bolýan iýmitleri iýmekden saklanmalydyr. Her gün irden ýeňiljek beden maşklaryny ýerine ýetirmek ýürek-damar keselleriniň gaýtalanmazlygyna ýardam edip biler. Iýmitiň düzüminde kaliý, kalsiý saklaýan guradylan miweleriň, ýagny erik kişdesiniň, kişmişiň bolmagyny üpjün etmeli. Dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek, ýagny çuň dem almak bilen, dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň öňüni almakda öňegidişlik gazanyp bilersiňiz. Munuň özi bedeni kislorod bilen ýeterlik üpjün etmäge kömek berýär.

Nerw ulgamyny taplaýan, ýürege hem-de damarlara gowy täsir edýän, arterial basyşy kadalaşdyrýan we maddanyň çalyşmagyna ýardam berýän suw bilen bejeriş usulynyň hem bedeni berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Günüň dowamynda 1,5-2 litre çenli suwuklyk içmek sagdyn ýaşamagyň şertleriniň biridir. Şol suwuklyk çaýdan, çaldan, aýrandan, miwe we gök önümleriň şirelerinden, mineral suwlardan ybarat bolsa has gowudyr.

Orazgül REJEPOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.