Täze hökümet tassyklandy

26 Sentýabr 2024
437

  21-nji sentýabrda Fransiýanyň Premýer-ministri Mişel Barnýe merkezi we sagçy partiýalaryň 39 agzasyny öz içine alýan hökümetiniň döredilýändigini mälim etdi. Olaryň arasynda 12 agza Prezident Emmanuel Makronyň “Galkynyş” partiýasyna, 10 agza bolsa, Mişel Barnýeniň konserwatiw “Respublikanlar” partiýasyna wekilçilik edýär.
Şeýlelik bilen, “Demokratik hereket” partiýasyndan Ýewropa işleri boýunça öňki ministr Žan-Noel Barro daşary işler ministrliginiň täze başlygy wezipesine bellendi. “Respublikanlar” partiýasynyň başlygy Brýuno Retaýo içeri işler ministri boldy. Beýleki ministr wezipeleri aşakdaky ýaly paýlandy: Sebastýen Lekornýu Fransiýanyň ýaragly güýçleriň ministri, Raşida Dati medeniýet ministrliginiň başlygy wezipesine bellendi, Anýes Panýe-Rýunaşe ekologiýa geçiş, energiýa, howa we howplaryň öňüni alyş ministri wezipesine bellendi. Maliýe ministri wezipesini Makronyň partiýasynyň deputaty Antuan Arman eýeledi.
Barnýe 5-nji sentýabrda hökümet başlygy wezipesine bellendi. Täze hökümet gurmak baradaky geňeşmeler iki hepdeden gowrak dowam etdi. Bu özgerişlikleriň hemmesi, Milli Assambleýanyň nobatdan daşary saýlawlaryndan soň bolup geçýär.