Şanly toýuň şanyna

25 Sentýabr 2024
375

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçiren aýdym-sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. «Gahryman Serdarly berkarar Diýar şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar» diýen at bilen geçirilen dabarada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlary dogrusynda söhbet edildi. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.

Egsilmez buýsanja beslenen çärede aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Soňra baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy ýetirildi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».