Ýagşylyk (durmuş pursaty)

24 Sentýabr 2024
420

Heniz çaga wagtym ejem özümden kiçi jigilerim bilen gümra bolansoň, men hemişe enemiň ýanyndadym. Enem meni ezizlärdi, gujagyna alyp, başymdan sypalap, söýerdi. Ol hemişe öz ýanyna gelýän myhmanlar üçin ýygşyryp goýýan nohutdyr kişmişlerinden, hozdur maňyzlaryndan maňa-da bererdi. Ol nirä gitse menem yzyndan galmazdym. Soňabaka bir ýere ýolagçy bolsa enemiň özi meni gözlärdi. Ol golaý-goltumda maňa gözi düşmese: «Hany meniň tokarjam, buýra saçly guzym nirede, Akpamygyň kökejigi nirede?!» diýip, meni gözläp, çar ýanyna garanjaklardy. Men enemiň sesini eşidenimden ylgap onuň ýanyna barardym.

Şol gün hem men onuň bilen obamyzyň çetindäki enemiň aýal dogany — Ajap ejäniň agtygynyň pişme toýuna gidipdim. Baranymyzda toý şatlyk bilen şowhuna beslenipdi. Märekeden ýaňa aşyk oklasaň ýere gaçarly däldi. Enem giň eýwanda saçak edip oturan daýzalaryň ýanyna bardy-da, olar bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Soňra bolsa gujaklaşyp salamlaşyp aýal doganyna getiren saçagyny uzatdy. Ajap eje giň eýwanyň töründe ekiz bäbejikler üçin ýörite ýasalan sallançaga elini uzatdy-da, eneme: «Bar Bossan jan, agtyjaklarymy ýüzüňe syl, Hydyr gören goşa çynarymdyr olar, seniň perzentleriňe-de Hudaý ýetirsin!» diýip göwnühoşluk bilen ýylgyrdy.

Gunça EKIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.