Medeni mirasy goramagyň hukuk binýady

24 Iýul 2024
768

Ösüşlere beslenýän döwrümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni mirasyny toplamak, hasaba almak, öwrenmek, onuň geljekki nesillere elýeterli bolmagyny gazanmak üçin talaba laýyk goralyp saklanmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar we olar degişli kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda medeni we milli mirasymyzyň hukuk üpjünçiligi boýunça hem köp işler amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, medeni mirasymyzyň hukuk üpjünçiligi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda medeniýeti hem-de taryhy we medeni ýadygärlikler ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, halkymyza medeni hyzmat etmegiň usullarynyň, milli baýramçylyklary, dabaralary guramagyň hiliniň we many-mazmunynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy has çuňňur öwrenmek boýunça öňde goýlan wezipeleri netijeli amala aşyrmak boýunça anyk kadalar kesgitlenilýär. Kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik, amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalaryny munuň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar.

Ýaşuzak ATABAÝEW,
Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.