Gözellige beslenen el hünäri

21 Iýul 2024
740

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň röwşen geljegi bolan edep-terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipedir. Türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar. Türkmen maşgalasynda ata-enä, Watana, topraga bolan hormat uludyr.

Terbiýe meselesinde pederlerimiziň goýup giden ýörelgeleri biziň üçin uly göreldedir. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy hasaplanýar.

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy.