KEŞDEÇILIK SUNGATYNDA AKGAÝMA NAGYŞLARYNYŇ AÝRATYNLYGY

4 Iýul 2024
718

Parasatly pederlerimiziň asyrlar içre gazanan beýik aňyýet üstünliklerini ene-mamalarymyz türkmen milli keşdelerine, halylaryna, keçelerine, palaslaryna we beýleki maddy hem-de ruhy baýlyklaryna müdimilik siňdirip, geljekki nesillere miras galdyrypdyrlar. Türkmen milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny özünde saklamak bilen çäklenmän, eýsem türkmen zenanlarynyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Onda dünýäniň manysyny okap bolýar» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, «Türkmen keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizildi.

Sona JUMAGELDIÝEWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň öwreniji mugallymy.