Tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

29 Maý 2024
1036

Köýtendagyň yssy we gurak klimatly, şemally zolaga degişlidigi sebäpli otlaryň gysga wagtlaýyn gök öwsüp, eýýäm maý aýynyň başynda guramagy bilen ýangyn döremek howpy artýar. Dag relýefiniň çylşyrymlylygy, öri meýdanlarynyň ilatly ýerlerden uzakda ýerleşýändigi bolsa ýangyn dörän halatynda ýangyna garşy göreş çärelerini çalt geçirmäge goşmaça kynçylyk döredýär. Şu ýagdaýlara görä goraghanamyzda her ýyl meýilnama esasynda ýangynyň öňüni alyş çäreleri guralýar. Goraghana degişli çäklerde tokaýlaryň we öri meýdanlarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meýilnama düzülip, tokaýlarda, çeşmelerde we köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde arassaçylyk işleri geçirilýär.

Tebigatda dynç almaga gelýänlere we işi tebigat bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan adamlara ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidiklerini ýatladýarys. Olara öri meýdanlarynda we dag tokaýlarynda uçgun söndüriji we ot öçüriji serişdeleri bolmadyk ulaglarda hereket etmegiň, söndürilmedik otluçöpleri ýollaryň gyralaryna, tokaýlara hem-de öri meýdanlaryna zyňmagyň, rugsat edilmedik ýerlerde ot ýakmagyň we olary söndürmän gitmegiň gadagandygyny duýdurýarys. Şeýle-de öri meýdanlarynda şemally howada (şol sanda, rugsat edilen ýerde hem) ot ýakmak, dynç alynýan ýerlere aýna, çüýşe gaplary we olaryň döwüklerini taşlamak, çagalara mal bakdyrmak, olara ot ýakmagy ynanmak, ýangynyň döremek howpy bolan ýerlerinde ýaş çagalary gözegçiliksiz galdyrmak gadagandyr.

Fahriddin HUDAÝŞUKUROW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.