«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024
Haly — türkmeniň haly-ahwaly, durmuşy, geçmişi, şu güni, bahar-ýazyň owadan keşbine beslenen ajaýyp ýaýlalary, daglary, urp-adaty, kalp gözelligi. Ol zenanlarymyzyň köňlüniň hem aňynyň iň bir ajaýyp önümi. Halylaryň gözelligi, gymmaty, mukaddesligi, giňiş älemi özünde beýan edýänligi hakynda Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda şeýle beýan edýär: «Türkmen halysy maddy hem ruhy baýlygyň hiç üýtgewsiz çeşmesi deýin, ynsanyň ünsüni hemişe özüne çekýär. Çünki ol gaýtalap-gaýtalap, sünnäliginiň, gözelliginiň aňyrsyna çykyp bolmaýan ummasyz giňişlik älemi». Milli halyçylyk sungatynda türkmen halkynyň maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly häsiýetleri jemlenýär.