Gülzara dönüpdir düzleň, Garagum!

23 Maý 2024
878

Biziň gözel hem täsin tebigatymyz bar. Sabanyň sergin howasy, ýaňy açylan güläleklerdir çopantelpekleriň hoşboý ysy, sähra aňňatlyklaryna ýapylan ýaşyl begres deý gök otlar, täze gelniň kürtesine çalymdaş sazakdyr sözenler barka, şahyr bolmabilseň bolma-da! Kalbyň ylhamdan heýjana gelýär, seriňde täsirli, joşgunly setirler döreýär. Tebigy gözellikleriň mesgeni bolan Garagumuň eçilen bu täsirini men şygra saldym:

Göwnüm telwas islegiňe-meýliňe,
Gülzara dönüpdir düzleň, Garagum.
Seýran etsem bahar çagy seýliňe,
Ganmaz gözellikden gözlem, Garagum.

Şageldi SALYHOW.