Ýeken

11 Maý 2024
979

Amyderýanyň iki kenarynda hem iň köp düş gelýän ýeken ösümliginiň örän gadymydygyny aýdýarlar. Rowaýatlara görä, Orta Aziýa ýöriş eden Aleksandr Makedonskiý goşunlary bilen Jeýhunyň kenarynda birnäçe günläp saklanýar. Şol wagtlar «Oks» diýlip atlandyrylan bu çalt akýan derýadan ýüzüp geçmek aňsat bolmandyr. Şonuň üçin Aleksandr öz akyldarlarynyň maslahat bermegi bilen, derýanyň kenarynda ösüp oturan ýekenleri orduryp, soňra olary Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda goýup guratdyrypdyr. Iki-üç günden soň guran ýekenleri bogup alaga-da, suwa taşlap görüpdir. Boglan ýeken hatda üstünden bassalar-da, suwa çümmändir. Şundan soň Aleksandr esgerlerine goltugyna bir bogy ýekeni alyp, derýadan ýüzüp geçmäge buýruk beripdir. Atlaryň hem her tarapyna berk daňlan ýeken bogulary olaryň ýeňil ýüzmegini üpjün edipdir. Şonda Aleksandr özüne kömek eden bu ösümligiň birnäçe düýbüni köki bilen goparyp alaga-da, öz ýurdunda ekmegi egindeşlerine tabşyrypdyr. Şundan görnüşi ýaly, ugruny bilseň, her bir ot-çöpüň, ösümligiň ynsana bähbitli tarapy kän.

Ata-babalarymyz ýeken ösümliginden örän köp ýerde peýdalanmagy başarypdyrlar. Ilki bilen, ýekeniň boýy 1,5-2 metre ýetenden ony orup, kölegede goýupdyrlar we çala guran badyna dürli ölçegdäki ýeken düşeklerini örüpdirler. Göçüp-gonýan çarwalar bu düşekleri aýratyn gowy görüpdir. Sebäbi olaryň agramy juda ýeňil eken. Gerekmejek wagty togalap, düýrläp goýsaň, sähel ýerde ýerleşipdir. Ony nirede ýazsaň-da, üstünden düşelen haly, palas, keçe ýaly düşeklere yzgar, tozan geçirmändir. Üstüne keçe ýazsaň, örän ýumşagam bolupdyr. Türkmen obalarynda şu günlerem ýeken ulanýan adamlar az däl. Jeýhunyň iki kenarynda ekin ekip, şol ýerde kepbe dikip ornaşýan daýhanlar ýeken düşekleri ussatlyk bilen örüpdirler. Tomus aýlarynda Halaç etrabynyň Pelwert, Çohpetde ýaly oba bazarlaryna nazar aýlasaň, ýeken düşekleri satýan senetkärleri görmek bolýar. Olaryň gürrüň bermegine görä, düşegiň birnäçe görnüşi bar. Halypalar şägirdine ýeken örülýän wagty elini işledip bilşine görä, bu işiň dürli usulyny öwredipdirler.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).