Biler bolsaňyz!

16 Aprel 2024
1228

Kepel agajy
Kepel agajynyň (Stelechoсarpus burahol) watany Indoneziýanyň Ýawa adasy hasaplanýar. Kepel agajy diňe ýyly ýurtlarda ösýär. Bu miweli agajy Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletlerinde hem ösdürip ýetişdirýärler.

Kepel — hemişe ýaşyl öwüsýän agaç bolup, boýy 20 — 25 metre çenli ýetýär. Onuň dik ösýän baldagy çalymtyl-goňur ýa-da goýy mele reňklidir. Bir agajyň özünde uzynlygy 12 — 30 santimetr bolan goýy ýaşyl, gülgüne reňkli ýapraklary görmek bolýar. Baldagynyň aşaky böleginde uzyn miwe sapaklarynda miweleri bolýar. Miweleriniň ýakymly ysy bolup, olaryň uzynlygy 60 santimetr, ini 4,5 santimetr bolýar. Şekili boýunça armyda meňzeş bolup, daşy galyň mele gabyk bilen örtülendir. Miwesiniň süýji, mango meňzeş tagamy bolup, olaryň bişendigini diňe kesip görmek bilen bilip bolýar. Miwesiniň içki etlek gatlagy mele ýa-da goýy sary reňkde bolsa, onda onuň bişendigini aňladýar.

Gülşat MÄTIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.