Täsin tebigatly Täjigistan

4 Aprel 2024
1122

Gün sistemasynda-da Täjigistan bar. Has takygy, Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky kiçijik planetalaryň biri şeýle atlandyrylýar. Bu at oňa dünýä astrofizika ylmynyň ösüşine mynasyp goşant goşan täjigistanly alymlaryň hormatyna dakyldy. Ýöne biziň gürrüňimiz asman giňişligindäki däl-de, goňşy döwletimiz Täjigistan Respublikasy barada.

Täjigistan — zoroastrizm, yslam, pamir we budda medeniýetleriniň ulaşan ýurdudyr. Bu ýurtda halkyň milli mirasyndan, datly tagamlardan başlap tebigatyň gözelliklerine, taryhy ýadygärliklere çenli ähli zat syýahatçylarda ýakymly täsir galdyrýar. Olaryň arasynda Buddanyň toýundan edilen 12 metrlik heýkeli, Samanidleriň we Kir II patyşanyň, Garakölüň we «Ýedi gözel» şaglawugynyň ajaýyp görnüşleri, dünýäniň iň beýik belentlikleriniň 50-siniň sanawyna girýän Ysmaýyl Somony belentligi ýaly täsin ýerler bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Maral ALLABERDIÝEWA,
Köýtendag etrap Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.