Stol ten­ni­si­niň muş­dak­la­ry

29 Mart 2024
574

Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­a il­kin­ji ge­zek 1988-nji ýyl­da go­şu­lan stol ten­ni­si bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de 300 mil­lion­dan geç­ýär. Spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­ýan Hal­ka­ra Stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy (ITTF) 1926-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp, şol ýyl stol ten­ni­si bo­ýun­ça il­kin­ji dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­gyň adam sag­ly­gy­na, be­de­niň dür­li ul­gam­la­ry­nyň işi­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Bu gün­ki gün stol ten­ni­si bi­ziň ýur­du­myz­da hem ýaş­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­lan­ýan sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň he­re­ket et­me­gi bol­sa spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça dür­li ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip dur­ma­gy­na şert dö­red­ýär.

Mu­ham­met AR­NA­GEL­DI­ÝEW,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň be­den­ter­bi­ýe ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.