Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ilerleýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda milli ylym-bilim ulgamynyň pajarlap ösmegini gazanmak, ony dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Elbetde, munuň özi Watanymyzyň röwşen geljegi hasaplanylýan ýaşlar barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Ýaş nesilleriň nurana geljegi, ilkinji nobatda, ylym-bilim ulgamy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki ynsany kämillige atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden gözbaş alýar. Halkymyz muny «Bilimsiz öý — otsuz ojak» diýen gysgadan manyly jümlede örän jaýdar beýan edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, watansöýüji, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşup bilýän, kämil bilimli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerine möhüm ähmiýet berilýär. Döwrebap orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hili hem mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär. Elbetde, ynam bar ýerinde jogapkärçilik hem, borç hem bar. Eýsem, döredilýän giň mümkinçiliklere, bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermekde ýaşlaryň esasy borjy näme? Elbetde, ýaşlaryň esasy borjy saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekden, hemişe Watan, il-gün üçin bähbitli işleriň başynda bolmakdan ybaratdyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň watançylyk sargytlary ýaşlar üçin durmuşda ýolgörkeziji şamçyrag, nusgalyk ýörelgedir.