«Toýuň meýlisinde gülen ýagşydyr»

21 Fewral 2023
542

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň gadymdan gelýän milli häsiýetlerini öwrenmek, ýüze çykarmak üçin köp işler alnyp baryldy. Munuň özi täze taryhy eýýamyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş ýörelgelerini, milli aňyýetini kemala getirmek üçin zerurdy. Şu döwürde halkymyzyň milli ruhy, durmuşda tutýan ýoly, ata-babalarymyzyň baý mirasy barada halkymyz köp zatlary bildi, köp zatlara gaýtadan göz ýetirdi. Öz-özüni içgin tanady. Dünýä derejeli milli mirasyň eýesidigine düşünmek halkymyza berkarar döwleti esaslandyrmakda, kämilleşdirmekde ägirt uly ruhy daýanç boldy.

Türkmenleriň agras, asylly millet diýlip tanalmagy ýöne ýere däl. Halkymyz asyrlarda mizemejek örän berk durmuş kadalaryny, ýörelgelerini döredip bilipdir. Maşgalada, jemgyýetde nesilleriň hersiniň öz orny, derejesi, sylag-sarpasy bolup, hemişe ýaşuly nesliň sözi, göreldesi türkmeniň milli ýaşaýyş kadasynyň özeninde durupdyr. Ýaşulularyň öňe düşýän ýerinde bolsa edebiň, agraslygyň, asyllylygyň esasy talap bolup durýandygy öz-özünden düşnükli. Muňa garamazdan, türkmene şahandaz halk hem diýilýär. Bu pikiriň örän dogrudygyny halkymyzyň aýdym-saza, çeper sungata, gülki-şowhuna çäksiz höwesi subut edýär.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.